Climate Impact Lab barlag toparynyň gelen netijesine görä, 2026-njy ýylyň sentýabryndan 2027-nji ýylyň fewralyna çenli dowam etjek Super-El-Ninýo klimat hadysasy dünýäde 451 müň artykmaç ölüme getirip biler.
Barlagçylaryň maglumatyna laýyklykda, sentýabr aýynda umman Ninýo indeksi (ONI) +3,04°C-ä ýetdi. Bu 1982-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji boldy. Şol sebäpli bu hadysa "Super-El-Ninýo" ýa-da "Godzilla El-Ninýo" diýlip atlandyryldy.
Alymlar El-Ninýonyň tebigy klimat hadysadygyny belleseler-de, ol häzir gazylyp alynýan ýangyjyň ýakylmagy netijesinde Ýeriň temperaturasynyň ýokarlanan şertlerinde bolup geçýär.
Hadysanyň güýçli yssy, gurakçylyk, tokaý ýangynlary we suw joşmalaryna sebäp bolmagyna garaşylýar. Artykmaç ölümleriň (adaty garaşylýan ölüm derejesi bilen deňeşdirilende ölümiň wagtlaýyn artmagynyň) iň köp sanynyň Nigeriýada, takmynan, 31,4 müň, Indoneziýada — 19,3 müň, Sudanda — 17,6 müň, Hindistanda — 15,8 müň we Braziliýada — 13,3 müň bolmagy çaklanylýar.
ABŞ-da bu görkeziji, takmynan, 3,5 müň, Müsürde — 1,5 müň, Italiýada 780 bolup biler. Şeýle hem alymlar Super-El-Ninýonyň netijeleriniň 50 million adam üçin açlyk howpuny salýandygyny duýdurýar.
Barlagyň awtorlary hökümetleri sowadyjy merkezleri taýýarlamaga, lukmançylyk hyzmatlarynyň işini uýgunlaşdyrmaga we töwekgelçilik toparyndaky adamlara aýratyn üns bermäge çagyrýar.