Jibutiniň kenarynda ýüzlerçe migranty alyp barýan gaýyk agdaryldy

Düýn, 11:335,834

Jibutiniň kenarynda migrantlary alyp barýan gaýyk agdaryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) düzümine girýän Halkara migrasiýa guramasynyň (IOM) ýekşenbe güni beren maglumatyna görä, heläkçilikde azyndan 139 adam, şol sanda 15 çaga gark boldy.

Guramanyň maglumatlarynda ýene 84 adamyň dereksiz ýitendigi aýdylýar. Gaýykda, aslynda, 305 adam bar eken.

Gaýyk 9-njy oktýabra geçilýän gije Obok şäheriniň demirgazygyndaky Guhere sebitinde agdarylýar. Heläkçilikde 82 ýolagça halas bolmak başardýar. Olaryň ählisiniň Efiopiýanyň raýatlarydygy anyklandy. BMG-niň habar bermegine görä, waka baradaky maglumatlar hem şol diri galanlaryň beren görkezmelerine esaslanýar.

Heläkçiligiň bolan ýerinde gözleg-halas ediş işleri häzirem dowam edýär.

Her ýyl Afrikanyň Şahyndan on müňlerçe adam Pars aýlagy ýurtlaryna ýetmek umydy bilen Jibutiniň we Bab-el-Mandeb bogazynyň üsti bilen Ýemene geçmäge synanyşýar. Adamlary şeýle howply ýola çykmaga sebitdäki durnuksyz ýagdaý we howa şertleri bilen bagly kynçylyklar mejbur edýär. Diňe 10-njy sentýabrdan bäri Efiopiýadan Jibutä 20 müňden gowrak adam gelipdir.

Halkara migrasiýa guramasy bu howply ugurdan peýdalanýanlaryň sanynyň barha artýandygyny belleýär. 2025-nji ýylda bu ugurda 900-den gowrak adam heläk bolupdyr ýa-da dereksiz ýitipdir. Şol döwürde bu ýoldan geçmäge synanyşanlaryň sany hem 18 göterim artypdyr.

2026-njy ýylyň martynda hem şuňa meňzeş başga bir deňiz heläkçiligi bolup, onda dokuz adam aradan çykdy we  45 adam dereksiz ýitdi.