El-Ninýo eýýäm emele geldi we güýçlenmegini dowam etdirýär. Bütindünýä meteorologiýa guramasy bu hadysanyň ýylyň ahyryna çenli iň ýokary derejesine ýetip, «örän güýçli» häsiýete eýe bolmagyna garaşýar. Şeýle-de onuň geljek ýylyň fewral aýynyň ahyryna çenli dowam etmek ähtimallygynyň 100%-e golaýdygyny çaklaýar.
El-Ninýo her 2–7 ýyldan bir gezek, Ýuwaş okeanyň ekwatorial zolagynyň merkezi we gündogar böleklerinde deňiz suwunyň adatdakysyndan has gyzmagy bilen ýüze çykýar. Bu ýagdaý atmosferadaky howa aýlanyşyna, şeýle hem dünýäniň dürli sebitlerindäki temperatura we ygalyň mukdaryna öz täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda ýagdaý Dünýä okeanynyň taryhda görülmedik derejede maýlamagy bilen has-da çylşyrymlaşýar. Ýuwaş okeanyň käbir sebitlerinde iýulda we awgust aýynyň başynda çuňlukdaky suwuň temperaturasy bolmalysyndan 8 gradusdan hem gowrak ýokary galdy.
Ýuwaş okeanyň merkezi tropiki bölegindäki suwuň temperaturasyny görkezýän Ninýo 3.4 indeksi maý aýyndan iýula çenli ortaça görkezijiden 1,5 gradus ýokary boldy. Iýulda bu tapawut 2 gradusa, tomsuň soňky hepdelerinde geçirilen ölçeglerde bolsa suwuň temperaturasy 2,6 gradusa ýetdi.
«El-Ninýo edil gözümiziň öňünde güýçlenýär, – diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş aýdýar. – Ylmy maglumatlar hiç hili şübhe goýanok: planeta öwrenilmedik çäklere çykdy we temperaturalar ýokarlanmagyny dowam etdirýär».
Sentýabr aýyndan noýabra çenli aralykda gury ýeriň ähli böleginde diýen ýaly howanyň temperaturasynyň klimatik kadadan ýokary bolmagyna garaşylýar. Käbir sebitlerde bu ýagdaý güýçli ýagynlar we suw joşgunlary bilen, beýlekilerde bolsa gurakçylyk bilen utgaşyp biler. Ýagdaýy, şeýle hem Hindi okeanynyň we tropiki Atlantikanyň ýyly suwlary çylşyrymlaşdyrýar.
«Ispan dilinden terjime edilende, «El Niño» oglanjyk diýmegi aňladýar, ýöne bu fenomen tutuş jemgyýetlere we dünýä ykdysadyýete weýrançylykly zarba urmaga ukyply – diýip, Bütindünýä Meteorologiýa guramasynyň Baş sekretary Selesta Saulo nygtady. – Häzirki wagtda eýýäm gurakçylyk we suw joşgunlary zerarly uly ýitgileriň şaýady bolýarys. El-Ninýonyň güýçlenmegi bilen ýagdaýyň has-da agyrlaşmagyna garaşylýar».
Bütindünýä Meteorologiýa guramasy özüniň ýarym asyrlyk taryhynda ilkinji gezek milli gidrometeorologiýa gulluklarynyň bilelikdäki işini ýola goýdy. Başlangyjyň esasy maksady — çaklamalary we irki duýduryş ulgamlaryny kämilleşdirmekden ybarat. Bu bolsa hökümetlere we ynsanperwer guramalara oba hojalygy, saglygy goraýyş, energetika we suw üpjünçiligi boýunça ýüze çykyp biljek howplara öňünden taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer.