«Mercedes» toparynyň piloty Kimi Antonelli Ostin şäherinde geçirilen ABŞ-nyň Gran-prisinde ýeňiş gazanyp, «Formula-1-iň» dünýä çempiony titulyna ýakynlaşdy. Ýaryşyň bu tapgyry 26-njy oktýabra geçilýän gije boldy.
Italiýaly sürüji ýaryşa pouldan başlap, «Ferrari» toparynyň piloty Şarl Leklerden 13,078 sekunt artykmaçlyk bilen birinji orny eýeledi. Üçlügi «Red Bull» toparynyň sürüjisi Maks Werstappen jemledi.
Bu ýeňiş Antonelli üçin möwsümdäki dokuzynjy ýeňiş boldy. Häzirki wagtda onuň hasabynda 365 utuk bar — bu görkeziji «Mercedes-däki» ýoldaşy Jorj Rassellden 123 utuk we «Ferrari» toparynyň piloty Lýuis Hemiltondan 124 utuk köpdür.
Antonelli çempionlygy eýýäm ABŞ-da resmileşdirip bilerdi, ýöne munuň üçin diňe bir ýaryşda ýeňiji bolmak däl, eýsem bäsdeşleriniň pes görkezijilerine hem bil baglamak gerekdi. Rassell sekizinji, Hemilton bolsa dördünji orny eýeledi, şol sebäpli çempionlyk ugrundaky göreş dowam eder. Şol bir wagtyň özünde, beýleki ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisi ýeňiş gazanmak üçin matematiki mümkinçiliklerini ýitirdi.
Indiki tapgyr 1-nji noýabrda Mehiko şäherinde geçiriler. 20 ýaşly Antonellä möwsüm tamamlanmazdan öň çempion bolmak üçin sekizinji orny eýelemek we iki utuk toplamak ýeterlik. Üstünlik gazanylan ýagdaýynda, ol özüniň ilkinji titulyny 23 ýyl 134 gün ýaşynda eýelän Sebastian Fetteliň üstünliginden öňe geçip, «Formula-1» taryhynda iň ýaş dünýä çempiony bolar. Mundan başga-da, Antonelli 1953-nji ýylda çempion bolan Alberto Askariden bäri ilkinji italiýaly çempion bolup biler.
ABŞ Gran-prisinden soňky şahsy sanaw:
Andrea Kimi Antonelli (Mercedes) — 365 utuk
Jorj Rassell (Mercedes) — 242
Lýuis Hemilton (Ferrari) — 241
Maks Werstappen (Red Bull) — 236
Şarl Lekler (Ferrari) — 233
Lando Norris (McLaren) — 211
Oskar Piastri (McLaren) — 144
Isak Hajar (Red Bull) — 105
Liam Louson (Racing Bulls) — 77
Pýer Gasli (Alpine) — 42
ABŞ Gran-prisinden soň Konstruktorlaryň kubogy:
Mercedes — 607 utuk
Ferrari — 474
Red Bull — 355
McLaren — 355
Racing Bulls — 102
Alpine — 69
Haas — 30
Audi — 23
Williams — 12
Aston Martin — 7
Cadillac — 0