«Mercedes» toparynyň italiýaly sürüjisi Kimi Antonelli Monsada geçen «Formula-1» çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň – Italiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy.
Antonelli güýç ulgamynyň çalşylmagyna berlen jerime sebäpli 19-njy orundan badalga aldy. Ikinji orny 3,857 sekunt aratapawut bilen onuň topardaşy britaniýaly Jorj Rassell eýeledi. Üçünji bolup pellehana «Red Bull» toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen geldi (+14,718).
Dördünji we bäşinji orunlary «McLaren» toparyndan Lando Norris (+19,056) we Oskar Piastri (+19,253) eýeledi. Ilkinji onlukda olaryň yzyndan Lýuis Hemilton («Ferrari»; +24,655), Pýer Gasli («Alpine»; +27,351), Arwid Lindblad («Racing Bulls»; +45,136), Franko Kolapinto («Alpine»; +47,353) we Ýuki Sunoda («Racing Bulls»; +58,187) ýerleşdi.
Antonelli 1966-njy ýyldan bäri Monsada Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanan ilkinji italiýaly boldy. Ondan öň bu ýaryşda diňe üç sany italýan sürüjisi — Juzeppe Farina, Alberto Askari we Ludowiko Skarfiotti ýeňiji bolmagy başarypdy.
Üçünji aýlawda «Ferrari» toparynyň sürüjisi Şarl Lekler heläkçilige uçrap, ýaryşy möhletinden öň tamamlady. Ol ýaryş ýolunyň soňky öwrüminden çykyp, Oskar Piastri bilen bäsleşýän wagtynda bolidiniň dolandyryşyny ýitirdi we diwara baryp uruldy. Şeýle-de, «Aston Martin» toparynyň sürüjileri — kanadaly Lens Stroll we ispaniýaly Fernando Alonso hem ýaryşy möhletinden öň tamamlady.
Nobatdaky tapgyr — Ispaniýanyň Gran-prisi 11-13-nji sentýabrda Madridde geçiriler.