«Formula-1-de» Werstappen yzygider ikinji ýeňşini gazandy, Antonelli çempion bolmaga ýakyn

Şu gün, 06:14475
1 / 2

«Red Bull» toparynyň sürüjisi Maks Werstappen «Formula-1» çempionatynyň 17-nji tapgyrynda — Singapuryň Gran-prisinde ýeňiş gazandy.

Dört gezek dünýä çempiony bolan Werstappen ýaryşa pouldan başlapdy. Bu ýeňiş onuň üçin häzirki möwsümde yzygiderli ikinji we karýerasynda Singapurdaky ilkinji ýeňşi boldy. Indi 29 ýaşly niderlandly sürüjiniň senenamadaky ähli hereket edýän ýaryş ýollarynda ýeňşi bar.

Pellehana ikinji bolup «Ferrari» toparynyň sürüjisi Şarl Lekler geldi. Üçünji orny bolsa häzirki möwsümiň lideri, «Mercedes» toparyndan Kimi Antonelli eýeledi. Onuň umumy hasapdaky ýakyn bäsdeşi we topardaşy Jorj Rassell bolsa ýaryşy dokuzynjy orunda tamamlady.

Tapgyryň netijeleri «Mercedes» toparynyň 18 ýaşly italýan sürüjisiniň liderligini berkitdi. Şahsy hasapda Kimi Antonelli 340 utuk toplap, Rassellden 102 utuk öňe geçdi. Soňra sanawda «Ferrari» toparyndan Lýuis Hemilton (229 utuk), Maks Werstappen (221 utuk), Şarl Lekler (215 utuk) we «McLaren» toparyndan häzirki çempion Lando Norris (201 utuk) ýerleşdi.

Şeýlelikde, Antonelliniň indiki — ABŞ-da geçiriljek tapgyrda möhletinden öň çempionlyk titulyny eýelemäge mümkinçiligi bar: eger Ostindäki ýaryşdan soň onuň Jorjdan we beýlekilerden aratapawudy 125 utuga çenli artsa, eýýäm soňky tapgyrlarda bäsdeşleri Antonelliniň yzyndan ýetip bilmez.

Konstruktorlaryň Kubogynda 578 utuk bilen «Mercedes» öňdeligi saklaýar. Ikinji orunda Singapurdaky üstünlikli çykyşynyň netijesinde liderden aratapawudyny azaldan «Ferrari» (444 utuk) gelýär. Üçlügi «Red Bull» toparyndan bary-ýogy ýedi utuk tapawut bilen öňde barýan «McLaren» (339 utuk) jemleýär.

Çempionatyň indiki tapgyry 23–25-nji oktýabrda Ostinde geçiriler.