«Merсedes-iň» sürüjisi Antonelli Madriddäki ilkinji F-1 ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Şu gün, 09:49349
1 / 2

«Mercedes» toparynyň italiýaly sürüjisi Kimi Antonelli Madridde geçen «Formula-1» tapgyrynda — Ispaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Bu ýaryş Madridde ilkinji gezek geçirildi.

20 ýaşly Antonelli üçin bu ýeňiş möwsümdäki sekizinji we yzygider ikinji boldy. Ol şahsy hasapda aratapawudyny artdyrmagyny dowam etdirýär.

Ikinji orny 4,351 sekunt yza galmak bilen niderlandly Maks Werstappen («Red Bull») eýeledi. Ýaryşa birinji orundan başlan beýik britaniýaly Lando Norris («McLaren», +5,089) pit-stopdaky bökdençlik sebäpli öňdeligi elden berip, liderleriň üçlügini jemledi.

Ispaniýadaky ýaryşyň köp böleginde «Ferrari-niň» piloty Şarl Lekler öňdeligi saklady. Ol «hard» tekerlerinde diňe 48-nji aýlawda ýekeje pit-stop etdi. Ýöne şondan soň ýaryş ýoluna dördünji bolup gaýdyp geldi.

Italýan toparynyň beýleki sürüjisi, beýik britaniýaly Lýuis Hemilton tormoz ulgamyndaky näsazlyklar sebäpli ýedinji aýlawda ýaryşdan çykdy. Şeýle hem Madriddäki «Formula-1» tapgyryny kanadaly Lens Stroll («Aston Martin»), meksikaly Serhio Peres («Cadillac») we ispaniýaly Karlos Saýns («Williams») tamamlap bilmedi.

Çempionatyň nobatdaky tapgyry 24–26-njy sentýabr aralygynda Baku şäherinde (Azerbaýjan) geçiriler.

Ispaniýanyň Gran-prisinden soň şahsy hasap boýunça:
  1. Kimi Antonelli (Italiýa, «Mercedes») — 292 utuk
  2. Jorj Rassell (Beýik Britaniýa, «Mercedes») — 211
  3. Lýuis Hemilton (Beýik Britaniýa, «Mercedes») — 191
  4. Lando Norris (Beýik Britaniýa, «McLaren») — 186
  5. Şarl Lekler (Monako, «Ferrari») — 167
  6. Maks Werstappen (Niderlandlar, «Red Bull») — 145
  7. Oskar Piastri (Awstraliýa, «McLaren») — 120
  8. Aýzek Hajar (Fransiýa, «Racing Bulls») — 71
  9. Liam Louson (Täze Zelandiýa, «Red Bull») — 59
  10. Pýer Gasli (Fransiýa, «Alpine») — 41
Konstruktorlaryň kubogy:
  1. Mercedes — 503 utuk
  2. Ferrari — 358
  3. McLaren — 306
  4. Red Bull Racing — 230
  5. Racing Bulls — 77
  6. Alpine — 68
  7. Haas F1 Team — 21
  8. Audi — 17
  9. Williams — 11
  10. Aston Martin — 3
  11. Cadillac — 0