Saýlanan şäher
1 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
01.06.2026 19:46
10k+
Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi
Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär.
01.06.2026 19:25
7.4k+
Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi
«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi.
01.06.2026 19:24
3.4k+
Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy
Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol...
31.05.2026 03:30
9.5k+
«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy
Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş...
25.05.2026 23:07
9.3k+
Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy
Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy.
07.05.2026 10:24
6.7k+
Finalyň ady: PSŽ - «Arsenal». «Bawariýa» bilen deňme-deň oýnan PSŽ Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy
UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda «Pari Sen-Žermen» Mýunhende «Bawariýa» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Iki oýnuň umumy netijesi boýunça 6:5 hasabynda öňe saýlanan parižliler...
06.05.2026 11:43
8.3k+
«Arsenal» «Atletikony» ýeňip, 20 ýyldan soň ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy
«Arsenal» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda «Atletikony» 1:0 hasabynda ýeňdi. Iki oýnuň netijesi boýunça london kluby 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, soňky 20 ýylda ilkinji gezek finalda...
30.04.2026 10:10
7.1k+
ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi
«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy...
29.04.2026 09:59
7.3k+
ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler
Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň...
22.04.2026 16:17
1.9k+
UEFA hemaýatkärlerden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy meýilleşdirýär
UEFA geljekki möwsümden başlap, klub ýaryşlarynyň (Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy) hemaýatkärliginden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy göz öňünde tutýar diýip, The Guardian...
16.04.2026 09:31
9k+
Birinji ýarymda 5 gol: «Bawariýa» bilen «Real» ÇL-de hakyky şüweleň görkezdiler
«Bawariýa» we «Arsenal» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar.
15.04.2026 09:20
8.3k+
ÇL-iň 1/4 finaly: PSŽ ýene «Liwerpuldan» üstün çykdy, «Barselonanyň» ýoly Madridde kesildi
Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklarynyň netijeleri boýunça ýarym finalyň ilkinji gatnaşyjylary mälim boldy: PSŽ myhmançylykda «Liwerpuldan» üstün çykdy, Madridiň «Atletikosy» bolsa öz...
09.04.2026 07:07
7.5k+
ÇL-nyň 1/4 finaly: «Barselona» «Atletikodan» utuldy, «PSŽ» «Liwerpuldan» üstün çykdy
9-njy aprele geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşyklary geçirildi. Ilkinji oýunlarda «Barselona» öz meýdançasynda Madridiň «Atletikosyndan» utuldy, «Pari Sen-Žermen» bolsa...
08.04.2026 12:31
7.7k+
«Bawariýa» soňky 10 oýunda ilkinji gezek «Realy» utdy, Hawers bolsa «Arsenala» ýeňiş getirdi
8-nji aprele geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji iki duşuşygy geçirildi.
19.03.2026 11:43
9.8k+
ÇL: «Barselona» «Nýukasly» parçalady, «Liwerpul» «Galatasaraýy» ýeňlişe sezewar etdi
UEFA-nyň Çempionlar ligasyndaky agşamlar seýrek ýagdaýda rahat geçýär, emma bu gezekki oýunlar aýratyn şüweleňli boldy. Gol yzyna gol tirkeldi, faworitler garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik goýmady, Londonda bolsa soňky minutlara çenli gyzykly pursatlar dowam etdi
18.03.2026 11:32
8.5k+
ÇL: «Budýo-Glimt» ertekisi tamamlandy, «Real» «Sitini» gaýtardy, PSŽ bolsa KDÇ üçin aryny aldy
18-nji marta geçilen gije Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykan ilkinji dört topar belli boldy. Geçen oýunlara gysgaça syn bersek: «Budýo-Glimtiň» ertekisi Lissabonda tamamlandy Norwegiýanyň «Budýo-Glimt» topary ýaryşyň esasy açyşy hasaplanylýardy — topar kyn ýoly geçip, hatda «Interi» hem ýaryşdan gaýtarmagy başarypdy
17.03.2026 19:45
5.9k+
Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň beýleki ýaryşlarynyň finallaryna biletler näçeden?
UEFA 2026-njy ýylyň klub ýaryşlarynyň finallaryna biletleri satyp başlady we eýýäm stadiona girmegiň aňsat bolmajakdygy düşnükli. Biletleri diňe guramanyň resmi saýty arkaly alyp bolýar, emma olary göni satyn almak mümkin däl
12.03.2026 11:16
7.6k+
ÇL-nyň 1/8 finaly: Walwerde 3:0 «ManSiti», «PSŽ» Kwarasheliýanyň kömegi bilen «Çelsini» ýeňdi
12-nji marta geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň galan dört duşuşygy geçirildi. Bu oýunlarda «Real Madrid», «Pari Sen-Žermen» we «Budýo-Glimt» ýeňiş gazandy, «Baýer» bilen «Arsenal» deňme-deň oýnady
11.03.2026 10:50
9.7k+
ÇL-nyň 1/8 finaly: «Barselona» soňky pursatda ýeňlişden gutuldy, «Galatasaraý», «Bawariýa» we «Atletiko» ýeňiş gazandy
Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 1/8 finalynyň ilkinji dört duşuşygy geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça «Bawariýa» we «Atletiko» uly hasap bilen ýeňiş gazanyp, çärýek finala has ýakynlaşdylar
27.02.2026 17:04
12k+
Çempionlar ligasynda bije çekildi: 1/8 finalyň garşydaş toparlary bilen tanyş boluň
Şu gün Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişik dabarasy boldy. Çäre UEFA-nyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda 1/8 finala göni çykan toparlar utulan-çykdy tapgyrynyň ýeňijileri bilen duşuşar
26.02.2026 05:55
13k+
Çempionlar ligasy: Winisius ýene tans edýär, «PSŽ», «Atalanta» we «Galatasaraý» 1/8 finalda
UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyl möwsüminiň pley-off (styk) tapgyry tamamlandy. Duşuşyklaryň netijesinde 1/8 finalyna kim-kimleriň gatnaşjagy belli boldy. Geçen gijäniň esasy wakalaryna gysgaça syny
25.02.2026 13:08
5.8k+
«Budýo-Glimt» «Interi» ýaryşdan gaýtardy, «Atletiko» we «Baýer» 1/8 finala çykdy
24-nji fewraldan 25-nji fewrala geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň jogap oýunlary geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça 1/8 finalyň ýene dört gatnaşyjysy belli boldy. Agşamyň esasy täsirli wakasy «Budýo-Glimt» toparynyň «Interden» üstün çykmagy boldy
19.02.2026 11:24
5.8k+
Çempionlar ligasy: «Budýo-Glimt» «Interi» utdy, «Nýukaslyň» hüjümçisi poker etdi
Penşenbä geçýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off (utulan çykdy) tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. «Nýukasl» Bakuda uly hasap bilen ýeňiş gazandy, «Baýer» we «Budýo-Glimt» iki gol aratapawudy bilen üstün çykdylar, «Brýugge» bilen «Atletikonyň» duşuşygy bolsa 6 golly oýunda deňme-deňlik bilen tamamlandy
18.02.2026 10:13
9.7k+
ÇL: «Real» Lissabonda ýeniş gazandy, «Galatasaraý» «Ýuwentusy» derbi-dagyn etdi, PSŽ-den «kambek»
Geçen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ilkinji dört duşuşygy geçirildi. Bu oýunlarda «Galatasaraý», «Borussiýa» (Dortmund), «Pari Sen-Žermen» we «Real» ýeňiş gazandylar. Lissabondaky dawa Lissabonda Madridiň «Realy» ýerli «Benfikadan» 1:0 hasaby bilen üstün çykdy
05.02.2026 01:50
2.5k+
«Kamp Nou» 2029-njy ýylyň Çempionlar ligasynyň finalyny geçirmäge dalaş edýär
«Barselona» futbol klubunyň öý stadiony bolan «Kamp Nou» 2028/29-njy ýyllar möwsüminiň Çempionlar ligasynyň final oýnuny geçirmek üçin resmi taýdan dalaşgär hökmünde hödürlendi. Bu barada sports.ru neşiri habar berýär
30.01.2026 17:57
9.2k+
«Realyň» maňlaýyndan ýene «Benfika» çykdy: ÇL-nyň play-off tapgyrynyň jübütleri belli boldy
UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyllar möwsüminiň utulan-çykdy (play-off) tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Onuň netijesine görä «Real» ýene-de arada özüni «öýkeleden» topar bilen ýüzbe-ýüz bolar. Madridli klub öňňün ýaryşyň umumy tapgyrynyň jemleýji oýnunda Lissabonly «Benfika» garşy oýnapdy
29.01.2026 09:44
8.8k+
Mbappe ÇL-de Ronaldunyň rekordyny täzeledi, Lewandowski Messiniň üstünligini gaýtalady
Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe UEFA Çempionlar ligasynyň umumy/toparlaýyn tapgyrynda iň köp gol geçirmek boýunça rekordy täzeledi. Fransiýaly hüjümçi Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 8-nji turunda «Benfika» toparyna garşy geçirilen oýunda dubl etdi
29.01.2026 09:14
9.6k+
Diňe ýeňip gelen «Arsenal», «Realyň» şowsuzlygy, derwezebanyň salan goly: ÇL-de umumy tapgyr jemlendi
29-njy ýanwara geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň oýunlary jemlendi. Olaryň netijesinde, Ýewropanyň iň esasy klub ýaryşynyň göni 1/8 finalyna çykan sekiz topar belli boldy. Ýaryş jedweliniň birinji ornuny «Arsenal» topary eýeledi
22.01.2026 13:19
8.9k+
Çempionlar ligasy: «Barselona», «Liwerpul», «Bawariýa» we «Ýuwentus» ýeňiş gazandy
Çarşenbe güni UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň galan ýedinji oýunlary geçirildi. Öňdebaryjy toparlaryň köpüsi ýeňiş gazanyp, öz hasabyna üç utuk goşdy. «Bawariýa» – «Ýunion» 2:0 «Bawariýa» taryhda Çempionlar ligasynda 250 ýeňiş gazanan ikinji klub boldy
21.01.2026 13:18
7k+
ÇL: «Arsenal» «Interi» utdy, «Siti» we «PSŽ» utuldy, «Real» «Monakodan» üstün çykdy
Çarşenbe gününe geçilen gije Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 7-nji oýunlary geçirildi. Oýun güni uly ýeňişler we garaşylmadyk ýeňlişler bilen dartgynly boldy. «Inter» – «Arsenal» – 1:3 Günüň esasy oýny Milandaky duşuşyk boldy
10.01.2026 18:02
2.6k+
Adidas Çempionlar ligasynyň geljekki pleý-off oýunlarynyň resmi topuny görkezdi
Adidas kompaniýasy futbol klublarynyň häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finala çykmak üçin pleý-off oýunlarynda ulanjak resmi topuny hödürledi. Top ak reňkde bolup, ýaryşyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ýyldyz nagyşlary bilen bezeldi
11.12.2025 16:08
8.3k+
Çempionlar ligasy: «Siti» «Realy» utdy, 5 topar pleý-offa çykmagyny kepillendirdi
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň altynjy oýunlarynyň netijeleri boýunça, üç futbol kluby – «Pari Sen-Žermen», «Mançester Siti» we «Atalanta» pleý-offa çykmagyny kepillendirdi. Ozal pleý-offa göni ýollamany «Arsenal» we «Bawariýa» alypdy
10.12.2025 12:13
9.3k+
"Barselonada" Kundeniň dubly, "Liwerpulyň" penalti bilen ýeňşi: UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň oýunlaryna syn
Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň altynjy tapgyrynyň oýunlary geçirildi. «Barselona» öz öýünde «Aýntrahtdan» üstün çykdy, «Atalanta» «Çelsi» bilen oýnuň gidişini üýtgetdi, Angliýanyň «Liwerpuly» bolsa duşuşygyň ahyryndaky penaltiniň netijesinde Milanyň «Interini» utdy
01.12.2025 11:50
7.1k+
UEFA Çempionlar ligasynyň oýnunda janköýerleriň hereketi üçin “Atletiko” jerime saldy
UEFA 22-nji oktýabrda Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen myhmançylykdaky oýnunda Madridiň “Atletikosynyň” janköýerleriniň gatnaşmagynda bolup geçen wakalardan soň kluba garşy sanksiýalary yglan etdi. Çözgüt guramanyň Gözegçilik, tertip-düzgün we ahlak komissiýasy tarapyndan kabul edildi diýip, AS habar berýär
27.11.2025 12:45
12k+
Çempionlar ligasy: “Arsenal” “Bawariýany” utdy, Mbappe poker etdi we beýleki garaşylmadyk netijeler
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäşinji tapgyrynyň jemleýji oýunlary ýokary netijeliligi görkezdi – oýun gününiň dokuz oýnunda futbolçylar jemi 42 gol geçirdi. Tapgyryň merkezi oýnunda “Arsenal” Mýunheniň “Bawariýasyny” 3:1 hasabynda utdy
26.11.2025 12:52
8.4k+
Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyry: “Çelsi” “Barselonany” utdy, “ManSiti” “Baýerden” utuldy
Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň bäşinji oýunlary geçirildi. Olardan ikisi garaşylmadyk netije bilen tamamlandy: “Çelsi” “Barselonanyň” derwezesine jogapsyz üç gol geçirdi, “Mançester Siti” bolsa öýünde Lewerkuzeniň “Baýerinden” utuldy
06.11.2025 18:56
5.8k+
Holand üç dürli klub üçin yzygider bäş oýunda gol geçirip, Çempionlar ligasynyň taryhyna girdi
“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand üç dürli klub üçin yzygider bäş oýunda gol geçiren ilkinji oýunçy hökmünde Çempionlar ligasynda rekord goýdy. Bu barada Squawka portaly X sosial ulgamynda habar berdi
06.11.2025 13:18
7.8k+
Çempionlar ligasy: «Barselona» we «Brýugge» bir-birine 3 gol geçirdi, «Karabah» we «Çelsi» deňme-deň oýnady
Penşenbe gününe geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. Oýunlar birnäçe garaşylmadyk netijeleri getirdi. «Karabah» Bakuwda «Çelsi» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, öz utuklaryny 7-ä ýetirdi we pleý-off üçin hakyky dalaşgäriň birine öwrüldi
05.11.2025 10:48
8.8k+
Çempionlar ligasy: «Liwerpul» «Realy» utdy, «Bawariýa» on bolup "PSŽ-den" üstün çykdy
UEFA-nyň Çempionlar Ligasynda dördünji tapgyryň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Gije futbol janköýerlerini iki uly duele tomaşa edip bildiler. «Liwеrрul» – «Real» 1:0 «Enfild» stadionynda geçirilen duşuşykda «Liwеrpul» ýeňiş gazandy
23.10.2025 16:12
7.8k+
Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyry gollaryň sanyny rekord 71 gola ýetirdi
UEFA-nyň Çempionlar ligasy-2025/26-nyň üçünji tapgyrynyň ikinji oýun güni aýratyn boldy – ol geçenki oýunlarda geçirilen gollaryň üstüni ýetirip, rekord 71 gol getirdi. Çarşenbe güni uly netije görkezen toparlar “Çelsi”, “Liwerpul” we “Bawariýa” boldy
«
1
2
…
7
»
«
1
2
3
4
5
6
7
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.