Monakoda geçirilen bije çekilişiginde Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň umumy tapgyrynyň oýunlary mälim boldy.
Klublar reýtingine görä dört sany sebede bölündi, şondan soň kompýuter olaryň garşydaşlaryny kesgitledi. Düzgüne görä, her bir topar umumy tapgyrda 8 duşuşyk geçirer (4-si öz meýdançasynda, 4-si myhmançylykda).
Umumy tapgyryň iň gyzykly duşuşyklarynyň arasynda aşakdakylar bar:
- «Barselona» — «Mançester Siti»
- «PSŽ» — «Barselona»
- «Mançester Siti» — «PSŽ»
- «Bawariýa» — «Arsenal»
- «Atletiko» — «Bawariýa»
- «Mançester Ýunaýted» — «Bawariýa»
- «Real Madrid» — «Inter»
- «Arsenal» — «Real Madrid»
- «Liwerpul» — «Atletiko»
- «Inter» — «Liwerpul»
Täze möwsümden başlap girizilen düzgüne görä, bir klub yzygiderli üç möwsüm öz meýdançasynda şol bir garşydaşyny kabul edip bilmeýär. Şol sebäpli awtomatlaşdyrylan ulgam bije çekilmezden ozal käbir wariantlary petikledi. Şonuň üçin, meselem, «Liwerpulyň» öz öýünde «Real Madridi», «Arsenalyň» bolsa «Interi» kabul etmek ähtimallygy aradan aýryldy.
Birinji tapgyryň oýunlary üç günüň (sişenşe, çarşenbe we penşenbe) dowamynda geçiriler. Beýleki tapgyryň duşuşyklary bolsa öňküsi ýaly iki günlük (sişenbe we çarşenbe günleri) gurnalar. Iň soňky, 8-nji tapgyrda ähli toparlar bir wagtda meýdança çykar.
Umumy tapgyryň ilkinji duşuşyklary 2026-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda başlar. Ýaryşyň final duşuşygy bolsa 2027-nji ýylyň 5-nji iýunynda Madriddäki «Metropolitano» stadionynda geçiriler.