ÇL-nyň 1/4 finaly: «Barselona» «Atletikodan» utuldy, «PSŽ» «Liwerpuldan» üstün çykdy

09.04.2026, 02:077,535
1 / 3

​9-njy aprele geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşyklary geçirildi. Ilkinji oýunlarda «Barselona» öz meýdançasynda Madridiň «Atletikosyndan» utuldy, «Pari Sen-Žermen» bolsa «Liwerpuly» ýeňlişe sezewar etdi. Iki duşuşyk hem 2:0 hasabynda tamamlandy.

​Ispaniýanyň iki ägirdiniň arasyndaky oýun Barselonadaky «Kamp Nou» stadionynda geçdi. 

Duşuşygyň 44-nji minutynda katalonlar meýdanda 10 bolup galdylar — VAR ulgamyna seredilenden soň, iň soňky umyt foly sebäpli «blaugrananyň» goragçysy Pau Kubarsi gyzyl kart aldy. Edil şondan soň depilen jerime urgusy bilen «Atletikonyň» oýunçylary öňe saýlandylar: Hulian Alwares (45-nji minut) topy gönümel «dokuzlykdan» urmagy başardy.

​Ikinji goluny madridli topar 70-nji minutda urmagy başardy — meýdança ikinji ýarymda gadam basan Aleksander Sýorlot (70) tapawutlandy.

​«Atletikonyň» tälimçisi Diego Simeone karýerasynda ilkinji gezek «Kamp Nou» stadionynda ýeňiş gazanyp gördi.

​Toparlaryň jogap oýny 15-nji aprele geçilýän gije Madridde oýnalar. Iki duşuşygyň netijesi boýunça ýeňiji bolan topar ýarym finalda «Arsenal» (Angliýa) we «Sporting» (Portugaliýa) garşydaşlygynyň ýeňijisi bilen ýüzbe-ýüz bolar.

​Pariźde geçirilen parallel oýunda ýaryşyň häzirki çempiony «PSŽ» özüne aşa agram salmazdan «Liwerpuldan» üstün çykdy. Gollary Dezire Due (11) we Hwiça Kwarasheliýa (65) öz adyna ýazdyrdy.

​«Enfild» stadionyndaky jogap duşuşygy hem 15-nji aprele geçilýän gije oýnalar. Bu jübütden ýarym finala çykan topar «Bawariýa» — «Real Madrid» garşydaşlygynyň ýeňijisi bilen güýç synanyşmaly bolar.

​Iki oýnuň hem başlangyç jürlewügi ýaňlanmanka sişenbe güni 80 ýaşynda aradan çykan Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi Mirça Luçeskunyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.