Astana UEFA-nyň Superkubogy üçin oýny, «Kamp Nou» ÇL-iň finalyny kabul eder

Düýn, 16:542,752
1 / 3

Gazagystanyň paýtagty Astana ilkinji gezek UEFA-nyň Superkubogy üçin duşuşygy kabul eder. Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) Saloniki şäherinde geçirilen Ýerine ýetiriji komitetiň mejlisinde 2028-nji we 2029-njy ýyllar üçin Ýewropanyň esasy futbol finallaryny kabul etjek stadionlary kesgitledi.

2028-nji ýylyň UEFA Superkubogy üçin duşuşyk «Astana Arena» meýdançasynda geçiriler. Onda şol ýyl tamamlanjak möwsümiň Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň ýeňijileri duşuşar. Gazagystan üçin bu UEFA-nyň klub ýaryşynyň ilkinji finaly bolar.

2027-nji ýylda Superkubogy Amsterdamdaky (Niderlandlar) «Ýohan Kroýff Arena» kabul eder.

2027/28 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň finaly «Bawariýanyň» öý meýdançasy bolan «Arena Mýunhen» («Allianz Arena») stadionynda geçiriler. 2029-njy ýylda bolsa bu ýaryşyň esasy duşuşygy Barselonadaky «Kamp Nou» stadionynda geçer. Iki stadion hem Çempionlar ligasynyň aýgytly duşuşygyny taryhynda üçünji gezek kabul edýär.

Ýatladyp geçsek, häzirki ýaryşyň finaly Madridiň «Metropolitano» stadionynda geçiriler.

Şeýle hem UEFA beýleki ýaryşlaryň finallarynyň geçiriljek ýerlerini kesgitledi:

UEFA-nyň Ýewropa ligasy

  • 2028: «Arena Nasional», Buharest
  • 2029: Serbiýanyň milli stadiony, Belgrad

UEFA-nyň Konferensiýa ligasy

  • 2028: «Ýuwentus Stedium», Turin
  • 2029: «Puşkaş Arena», Budapeşt

UEFA Zenanlaryň Çempionlar ligasy

  • 2028: «OL», Lion-Desen
  • 2029: Welsiň Milli stadiony, Kardiff

UEFA Futzal Çempionlar ligasy

  • 2027: «Bil/Ben Arena», Şweýsariýa