Çempionlar ligasynyň umumy tapgyry başlandy: Mourinýonyň «Realy» «Interden» üstün çykdy

Şu gün, 11:251,038
1 / 2

9-njy sentýabra geçilen gije 2026/27-nji ýyl möwsüminiň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň oýunlaryna badalga berildi.

Günüň merkezi duşuşygy Žoze Mourinýonyň ýolbaşçylygyndaky Madridiň «Real» topary bilen portugaliýaly tälimçiniň ozalky kluby — Milanyň «Inter» toparynyň arasyndaky duşuşyk boldy. «Real» 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu duşuşyk Mourinýonyň Madrid klubyna gaýdyp gelenden soň ÇL-däki ilkinji resmi oýny boldy. Ispan topary düzümindäki birnäçe esasy futbolçynyň ýoklugyna garamazdan, üç utugy gazanmagy başardy. Hasaby 14-nji minutda Kilian Mbappe açdy. Ýeňiş goluny «Interiň» derwezebany Hosep Martinesiň ýalňyşlygyndan peýdalanan Federiko Walwerde 23-nji minutda geçirdi.

«Inter» 77-nji minutda Karlos Augustonyň goly bilen jogap berdi, emma duşuşygyň ahyryna çenli hasaby deňläp bilmedi.

Ilkinji oýun gününiň beýleki netijeleri:

  • Dortmundyň «Borussiýasy» — «Wilýarreal» — 3:2. Ýeňijileriň düzüminde Seru Girassi iki gol geçirdi, ýene bir goly öz derwezesine «Wilýarrealyň» futbolçysy Renato Weýga saldy. Goşmaça wagtda Girassi hem topy öz derwezesine ugrukdyryp, awtogol geçirdi. Garaz, baran ýerinde gol salýar...
  • «Lill» — «Betis» — 2:3. Ispaniýanyň topary duşuşygyň dowamynda iki gezek hasapda yza düşse-de, ahyrynda ýeňşi gazandy. «Betisiň» iki goluny Mark Bartra geçirdi, ýeňiş goluny bolsa Troý Parrott öz adyna ýazdyrdy.
  • «Mançester Siti» — «Portu» — 2:0. Erling Holand dubl etdi. Şeýlelikde, onuň Çempionlar ligasynda 59 oýunda 59 goly bar.

  • «Brýugge» — «Aston Willa» — 2:3. Iňlis topary birinji ýarymda üç gezek tapawutlandy we arakesmeden soň üstünligini saklamak bilen boldy.
  • AEK — «LASK» — 1:0. Ýeňiş goluny Rezwan Marin jerime urgusyndan geçirdi.

Şu gije ýene 6 oýun geçiriler.

Aşgabat wagty bilen sagat 21:45-de başlanjak duşuşyklar:

  • «Barselona» (Ispaniýa) — «Feýenoord» (Niderlandlar)
  • «Ştutgart» (Germaniýa) — «Wiking» (Norwegiýa)

Sagat 00:00-da başlanjak oýunlar:

  • «Napoli» (Italiýa) — «Arsenal» (Angliýa)
  • «Liwerpul» (Angliýa) — «Atletiko» Madrid (Ispaniýa)
  • «Pari Sen-Žermen» (Fransiýa) — «Slowan» Bratislawa (Slowakiýa)
  • «Sporting» (Portugaliýa) — «Galatasaraý» (Türkiýe)
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.