«Barselona» we «PSŽ» Çempionlar ligasyny uly ýeňişler bilen başlady, «Liwerpul» kambek etdi

Şu gün, 06:023,135
1 / 9

Geçen gije UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň ýene alty duşuşygy geçirildi.

Duşuşyklarda jemi 25 gol geçirildi, olaryňam 11-si «Barselona» bilen «Pari Sen-Žermeniň» oýunçylarynyň hasabynda.

«Barselona»(Ispaniýa) — «Feýenoord» (Niderlandlar) — 5:1

Duşuşyk çabga astynda başlady, katalonlaryň hüjümi-de eýýäm başyndan çabga ýaly ýagdy. Oýnuň eýýäm 3-nji minutynda Rafinýa hasaby açdy. 22-nji minutda topara täze goşulan Karim Adeýemi owadan urgy bilen hasaby 2:0-a ýetirdi. Nemes futbolçysy «Barselona» üçin resmi duşuşyklardaky ilkinji goluny eýýäm möwsümiň başynda La Ligada geçiripdi, emma bu onuň Çempionlar ligasyndaky ilkinji goly boldy. Futbolçy bu üstünligini gowy salto aşyp belledi.

Ikinji ýarymda Rafinýa ýene bir gezek tapawutlandy, 77-nji minutda Lamin Ýamal jerime urgusyndan gol geçirdi. «Feýenoord» 82-nji minutda Sem Steýniň goly bilen jogap berdi.

Emma 85-nji minutda Gabriel Žezus «Barselona» üçin ilkinji goluny salyp, duşuşygyň soňky nokadyny goýdy. Braziliýaly hüjümçi meýdança çykanyndan bary-ýogy iki minut soň, Lamin Ýamalyň galdyran topuny kelle bilen süsüp, derwezä gönükdirdi.

«Ştutgart» (Germaniýa) — «Wiking» (Norwegiýa) — 3:1

Bosniýaly hüjümçi Ermedin Demirowiç 12 minutyň dowamynda üç gol geçirip, duşuşygyň baş gahrymany boldy.

«PSŽ» (Fransiýa) — «Slowan» (Slowakiýa) — 6:1

ÇL-iň häzirki çempiony hem ýaryşa uly hasaply ýeňiş bilen başlady. Usman Dembele iki gezek, topara «Barselonadan» gelen Ferran Torres üç gezek tapawutlandy. Soňky goly Fabian Ruiz saldy. «Slowanyň» ýeke-täk goluny Suleýman Kamara geçirdi.

«Liwerpul» (Angliýa) — «Atletiko» Madrid (Ispaniýa) — 2:1

Madridli myhmanlar ilki Markos Lýorentäniň 17-nji minutdaky goly bilen öňe çykdy. «Liwerpul» 40-njy minutda Dominik Soboslaýyň goly bilen hasaby deňledi. 50-nji minutda bolsa Aleksis Mak Allister ýeňiş goluny geçirdi.

«Napoli» (Italiýa) — «Arsenal» (Angliýa) — 0:1

Londonlylar myhmançylykda üç utuk alyp gitdiler. Duşuşykdaky ýeke-täk goly norwegiýaly Martin Edegor geçirdi.

«Sporting» (Portugaliýa) — «Galatasaraý» (Türkiýe) — 3:1

Eýýäm 6-njy minutda awtogoluň hasabyna stambully topar öňe geçdi. Ýöne «Sporting» birinji ýarymyň ahyryna çenli Jeni Katamonyň goly bilen hasaby deňledi. Ikinji ýarymda Luis Suares we Rodrigo Salazar tapawutlanyp, portugaliýalylara ýeňiş getirdiler.

Şu gün geçiriljek duşuşyklar

Şu gün, 10-njy sentýabrda we 11-ne geçilýän gije birinji tapgyryň galan alty duşuşygy geçiriler.

Aşgabat wagty bilen 21:45-de başlaýan oýunlar:

  • «Fenerbahçe» (Türkiýe) — «Roma» (Italiýa)
  • PSW (Niderlandlar) — «Şahtýo (Ukraina)

00:00-da başlaýanlar:

  • «Bawariýa» (Germaniýa) — «Bodo-Glimt»
  • «Komo» (Italiýa) — «RB Leýpsig» (Germaniýa)
  • «Mançester Ýunaýted» (Angliýa) — «Sabah» (Azerbaýjan)
  • «Slawiýa» (Çehiýa) — «Lens» (Fransiýa)
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.