Dumanly säherler we Yşyk halkasy: ÇL-iň täze toplary görünmeýän zähmete we ösüşe bagyşlandy

Şu gün, 17:071,574
1 / 3

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) öz resmi saýtynda 2026/27 möwsüminde Çempionlar ligasynyň oýunlarynda ulanyljak toplary görkezdi.

Erkekleriň we zenanlaryň ýaryşlary üçin niýetlenen iki sany dürli dizaýndaky top Adidas kompaniýasy tarapyndan döredildi. Toplaryň ikisi-de bäş burçly ýyldyzlaryň şekili bilen bir umumy stilde bezelipdir, ýöne her bir ýaryşyň özboluşlylygyny görkezýän wizual tapawutlar bar.

«Hiç kim seretmeýän wagty çempion bolunýandygy baradaky ynamdan ylham alyp, Çempionlar ligasynyň resmi topy üstünligi kesgitleýän görünmeýän zähmete bagyşlanýar. Sowuk dumanly säherde türgenleşýän oýunçylardan ylham alýan dizaýn futbol meýdançasynda ýaýraýan dumany maksada okgunlylygyň, hyjuwyň we gazanylan üstünlikleriň wizual beýanyna öwürýär» – diýlip, UEFA-nyň beýanatynda aýdylýar.

Erkekleriň ýaryşlary üçin niýetlenen topda Adidas-yň we Çempionlar ligasynyň logotipleri goýy gülgüne hem açyk gök reňklerde ýerine ýetirildi.

Zenanlaryň Çempionlar ligasynyň resmi topy zenan futbolynyň ösüşine bagyşlanýar. Onuň dizaýnynda agzybirligi we toparlaýyn zähmeti aňladýan 11 ýyldyzly töwerek — «Yşyk halkasy» ulanylýar. Aýdyň melewşe öwüşginler altyn we mämişi reňkler bilen utgaşýar.

Toplaryň ikisi-de Adidas-yň tikinsiz tehnologiýasyny (termo-ýelimleme) ulanmak arkaly ýasaldy. Kompaniýanyň nygtamagyna görä, top «Ýewropanyň klub futbolynyň iň ýokary derejesinde takyklyga, durnuklylyga we gözegçilige» eýe bolar.

Ýatlap geçsek, saýlama tapgyrynyň netijeleri boýunça Çempionlar ligasyna gatnaşjak 36 toparyň ählisi belli boldy. Umumy tapgyryň bije çekilişigi 27-nji awgustda Monakoda geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.