Çempionlar ligasyna gatnaşjak 36 toparyň ählisi belli boldy

Şu gün, 08:19564
1 / 2

2026/2027 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyry tamamlandy, onuň netijeleri boýunça ýaryşyň esasy tapgyryna çykan 36 topar belli boldy.

29 gatnaşyjy Çempionlar ligasyna milli ýaryşlaryň üsti bilen göni çykdy. Ýene ýedi topar bolsa saýlama duşuşyklarynyň netijeleri boýunça kesgitlendi.

«Komo», «Sabah», LASK we «Wiking» toparlary ýaryşyň esasy tapgyrynda ilkinji gezek oýnar.

Çempionlar ligasynda çykyş etjek toparlar:

1-nji sebet:

  • «PSŽ» (Fransiýa) — «Transfermarkt» portalynyň maglumatyna görä düzüminiň bahasy €1,48 mlrd;
  • «Bawariýa» (Germaniýa) — €1,06 mlrd;
  • «Real Madrid» (Ispaniýa) — €1,46 mlrd;
  • «Liwerpul» (Angliýa) — €963 mln;
  • «Inter» (Italiýa) — €746,8 mln;
  • «Mançester Siti» (Angliýa) — €1,37 mlrd;
  • «Arsenal» (Angliýa) — €1,45 mlrd;
  • «Barselona» (Ispaniýa) — €1,28 mlrd;
  • «Atletiko Madrid» (Ispaniýa) — €666,1 mln.

2-nji sebet:

  • «Borussiýa» Dortmund (Germaniýa) — €529,45 mln;
  • «Roma» (Italiýa) — €524 mln;
  • «Sporting» (Portugaliýa) — €417,5 mln;
  • «Aston Willa» (Angliýa) — €523,3 mln;
  • «Portu» (Portugaliýa) — €432,3 mln;
  • «Mançester Ýunaýted» (Angliýa) — €929,3 mln;
  • «Brýugge» (Belgiýa) — €195,8 mln;
  • «Betis» (Ispaniýa) — €259,6 mln;
  • «PSW» (Niderlandlar) — €272,6 mln.

3-nji sebet:

  • «Feýenoord» (Niderlandlar) — €229,05 mln;
  • «Lill» (Fransiýa) — €259,6 mln;
  • «Napoli» (Italiýa) — €459,15 mln;
  • «RB Leýpsig» (Germaniýa) — €506,35 mln;
  • «Wilýarreal» (Ispaniýa) — €331,6 mln;
  • «Şahtýor Donesk» (Ukraina) — €189,75 mln;
  • «Galatasaraý» (Türkiýe) — €344,75 mln;
  • «Fenerbahçe» (Türkiýe) — €306,2 mln;
  • «Budýo-Glimt» (Norwegiýa) — €76,28 mln.

4-nji sebet:

  • «Ştutgart» (Germaniýa) — €423,45 mln;
  • «Komo» (Italiýa) — €490,7 mln;
  • «Lans» (Fransiýa) — €187,2 mln;
  • «Sabah» (Azerbaýjan) — €17 mln;
  • «Slawiýa» (Çehiýa) — €113,95 mln;
  • «LASK» (Awstriýa) — €43,9 mln;
  • «AEK Afiny» (Gresiýa) — €84,7 mln;
  • «Wiking» (Norwegiýa) — €48,88 mln;
  • «Slowan» (Slowakiýa) — €25,14 mln.

2026/2027 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň bije çekilişigi 27-nji awgustda Monakoda geçiriler. Umumy tapgyryň duşuşyklary 8-nji sentýabrda başlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.