France Football iň gowy ýaş oýunçy, derwezeban we tälimçi baýraklaryna dalaşgärleri yglan etdi

Şu gün, 10:021,160
1 / 4

«France Football» žurnaly 2026-njy ýylyň netijeleri boýunça iň gowy ýaş oýunçy, derwezeban, tälimçi we iň gowy topar baýraklaryna dalaşgärleri resmi taýdan yglan etdi.

Ýeňijiler 26-njy oktýabrda «Altyn top» baýragynyň 70-nji gowşurylyş dabarasynda mälim ediler. Dabara žurnal tarapyndan esaslandyrylan baýragyň ilkinji eýesi, iňlis futbolçysy Stenli Mettýuzyň hormatyna ilkinji gezek Londonda geçiriler.

Kopa baýragy

21 ýaşyna ýetmedik iň gowy ýaş oýunça berilýän bu baýraga on futbolçy dalaşgär görkezildi. «Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Lamin Ýamal eýýäm yzygiderli üçünji ýyl dalaşgärleriň hataryna girdi. Soňky iki ýylda hem bu baýragy hut ol alypdy.

Geçen möwsüm hüjümçi milli ýygyndynyň düzüminde dünýä çempionatynda, «Barselona» bilen La Ligada ýeňiji boldy. Şeýle hem ähli klub ýaryşlarynda 24 gol we 18 assist bilen tapawutlandy.

Dalaşgärleriň doly sanawy:

  • Lamin Ýamal («Barselona»);
  • Pau Kubarsi («Barselona»);
  • Worren Zair-Emeri («PSŽ»);
  • Aýýub Buaddi («Mançester Siti»);
  • Ýan Diomande («Real»);
  • Kerim Alaýbegowiç («Ýuwentus»);
  • Lennart Karl («Bawariýa»);
  • Eli Žunior Krupi («Bornmut»);
  • Ibrahim Maza («Baýer»);
  • Žoan Manzambi («Aston Willa»).

Iň gowy derwezeban üçin berilýän Lew Ýaşin adyndaky baýrak

Gyzykly (we adalatly) ýeri, bu sanawa Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň derwezebanlarynyň 3-si hem girizilipdir. Baýraga dalaş edýänleriň arasynda Dünýä çempionatynyň ýyldyzy bolan, Kabo-Werdeniň milli ýygyndysynyň 40 ýaşly derwezebany Wozinýa hem bar.

  • Unai Simon («Atletik»);
  • Dawid Raýýa («Arsenal»);
  • Žoan Garsiýa («Barselona»);
  • Tibo Kurtua («Real»);
  • Emiliano Martines («Çelsi»);
  • Gregor Kobel («Borussiýa» Dortmund);
  • Ýassin Bunu («Al-Hilýal»);
  • Eduar Mendi («Al-Ahli»);
  • Matweý Safonow («PSŽ»);
  • Wozinýa («Kolo-Kolo»).

Geçen ýyl iň gowy derwezeban italiýaly Janluiji Donnarumma bolupdy.

Ýylyň iň gowy tälimçisi

Bu at ugrunda bäsleşýän 5 tälimçiniň 4-si Ispaniýanyň wekilidir. Diňe belgiýaly Wensan Kompani ispanlaň statistikasyny «zaýalady».

  • Luis de la Fuente — Ispaniýanyň ýygyndy toparyny 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda ýeňşe getirdi. Bu topar üçin taryhda ikinji dünýä çempiony tituly boldy.
  • Luis Enrike — «PSŽ» bilen yzygiderli ikinji gezek Çempionlar ligasynda we Fransiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy;
  • Mikel Arteta — «Arsenal» onuň ýolbaşçylygynda 22 ýyldan soň ilkinji gezek Premýer-ligada ýeňiji boldy we Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy;
  • Unai Emeri — «Aston Willany» 2025/26 möwsüminiň Ýewropa ligasynda ýeňşe getirdi we karýerasynda 12-nji titulyny gazandy;
  • Wensan Kompani — «Bawariýa» bilen Bundesligada ýeňiji boldy we Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýetdi.

Geçen ýyl bu baýragy «PSŽ-niň» tälimçisi Luis Enrike alypdy.

Ýylyň iň gowy kluby ady üçin dalaşgärleriň hataryna Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «PSŽ», Angliýanyň çempiony «Arsenal», Bundesliganyň çempiony «Bawariýa», Libertadores kubogynyň eýesi «Flamengo», şeýle hem Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna taryhy çykyşyndan soň ýewropa möwsüminiň esasy açyşy bolan Norwegiýanyň «Budýo-Glimt» topary girdi.

Bulardan başga-da, «Atyn top» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde ýylyň iň gowy bombardiri üçin berilýän Gerd Mýuller adyndaky baýragyň eýesi yglan ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.