Motosikli ykjam jaýa öwürdiler

Şu gün, 15:351,972
1 / 4

Amerikanyň Sidewinder Campers kompaniýasy motosikllere niýetlenen Pygmy atly kiçi ýaşaýyş tirkegini döretdi. Ony adaty tirkege almagyň ýerine, motosikliň gapdalyna oturtmak teklip edilýär.

Döredijileriň pikirine görä, oňa iki uly adam sygyp biler.

Kemper syýahat we kruiz motosiklleri üçin niýetlenendir. Onuň uzynlygy 2,13 metre, ini bolsa 1,22 metre deň. Kompozit materiallaryň ulanylmagy netijesinde boş jaýyň agramy 160 kilogramdan geçmeýär. Ony berkitmek üçin ýörite metal adapterler göz öňünde tutulandyr.

Pygmy-ny akkumulýator, suw çelegi we kiçiräk aşhana bilen enjamlaşdyryp bolýar. Şeýle-de oňa goşmaça enjamlar hökmünde gün panellerini, kondisioneri, açylyp-ýapylýan bassyrmany we syýahat üçin niýetlenen duşy gurnap bolýar. Gurnamanyň düýbünde kiçi goşlary saklamak üçin ýörite bölümler hem göz öňüne tutulypdyr.

Öndürijiler entek bu üýtgeşik «tigirli jaýyň» bahasyny aýan etmeýärler.