Nissan 1987-nji ýyldaky ilkinji Pathfinder modeliniň äheňinde täze ulagyny görkezdi

Düýn, 17:173,047
1 / 9

Nissan kompaniýasy Pathfinder ulagynyň 40 ýyllygyna bagyşlanan 2027-nji model ýyly üçin niýetlenen Pathfinder Special Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Ýubileý modeliň içki bezegi 1987-nji ýylda öndürilen ilkinji Pathfinder ulagyndan ylham alnyp, goýy gyzyl we gara reňklerde ýerine ýetirilipdir.

Täze nusga Pathfinder modelleriniň hatarynda SL bilen Platinum görnüşleriniň arasynda orun alar. ABŞ-da onuň satuwy 2026-njy ýylyň noýabr aýynda başlanar. Öňki tigirleri hereketlendirýän gör-nüşiniň başlangyç bahasy, eltip bermek üçin alynýan tölegi hasaba almazdan, 47 390 dollar bolar.

Awtoulagyň esasy aýratynlygy — gara reňkli içki bezeginiň kürsülerde we bezeg panellerinde ulanylan goýy gyzyl öwüşginler bilen utgaşdyrylmagydyr. Daşky görnüşinde bolsa gara reňkli, 20 dýuým ölçegli ýeňil garyndydan ýasalan teker diskleri, radiator gözenegindäki gyzyl bezegler hem-de kuzowyň yzky sütünlerinde ýerleşdirilen ýörite nyşanlar bar. Onuň bagaž bölüminiň gapysynda 1980-nji ýyllaryň krossowerlerine mahsus görnüşde uly harplar bilen PATHFINDER diýen ýazgy ýerleşdirilipdir.

Pathfinder modeliniň ilkinji nesli 1987-nji ýylda iki gapyly, ykjam ýolsuzlyk ulagy hökmünde öndürilip başlandy. Wagtyň geçmegi bilen, ol üç hatar kürsüli maşgala ulagyna öwrülipdir.

Täze Special Edition görnüşi 3,5 litr göwrümli, V6 kysymly benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol 284 at güýjüne deň kuwwaty we 351 N/m aýlaw pursadyny berýär. Hereketlendiriji dokuz basgançakly awtomatik geçiriji bilen utgaşykly işleýär.

Ulagyň salony ýedi adama niýetlenip, onuň adaty enjamlaşdyrylan görnüşine panoramaly üçek, ikinji hataryň aýry kürsüleri, yzky gapylara oturdylan gün şöhlesinden goraýan perdeler, 12 dinamikaly Bose audioulgamy hem-de tirkege almak üçin zawodda oturdylan ýörite enjam girýär.

Birinji nesil modeli

Pathfinder 2722 kilograma çenli massaly tirkegi çekip bilýär. Bu has gymmat Rock Creek we Platinum görnüşleriniňkiden pes däldir. Deňeşdirip aýtsak, Pathfinder-iň adaty görnüşi, takmynan, 1588 kilograma çenli tirkegi çekmäge ukyplydyr.

Awtoulagyň doly hereketlenýän Intelligent All-Wheel Drive ulgamy bilen enjamlaşdyrylan görnüşiniň bahasy 49 390 dollardan başlanýar.