Täze Hyundai Tucson-yň Günorta Koreýadaky hyrydary rekord derejede köp boldy

Düýn, 11:203,098
1 / 8

Täze nesil Hyundai Tucson krossoweri Günorta Koreýada sargyt kabul edilip başlan ilkinji gününiň dowamynda 15 müňden gowrak sargyt toplady. Bu modeliň taryhyndaky iň ýokary görkezijidir. Ondan öňki, dördünji nesil krossower satuwa çykarylan ilkinji gününde 10 842 sargyt ýygnapdy.

Täze modeliň bahasy içinden ýandyrylýan hereketlendirijili görnüşi üçin 31,4 million won (takmynan, 23 700 dollar), gibrid görnüşi üçin bolsa 36,15 million won (takmynan, 27 300 dollar) möçberinden başlanýar.

Modeliň iň köp isleg bildirilýäni Inspiration atly görnüşi boldy. Hereketlendirijiniň iki görnüşi bilen hem elýeterli bolan bu wersiýa ähli sargytlaryň 44%-ini düzdi. Alyjylaryň ýene üçden bir bölegi başlangyç H-Pick görnüşini saýlady, Exclusive görnüşiniň paýyna bolsa sargytlaryň 22%-i düşdi. Ýolsuz ýerlerde sürmäge niýetlenen görnüşde ýerine ýetirilen täze Tucson XRT-ni müşderileriň diňe 1%-i saýlapdyr.

Ünsi çekýän ýene bir zat: täze nesil Tucson-y sargyt edenleriň 55%-i gibrid görnüşini saýlapdyr. Öňki nesilde bu görkeziji 48%-e deňdi. Şeýlelikde, modeliň taryhynda ilkinji gezek benzinli görnüşden gibrid görnüşine has köp isleg bildirildi.

Günorta Koreýada krossower 193 at güýçli 1,6 litrlik turbohereketlendiriji bilen hödürlenýär. Bu hereketlendirijiniň kuwwaty, öňki görnüş bilen deňeşdirilende, 13 at güýji artdyryldy. Mundan başga-da, öňki ýedi basgançakly robotlaşdyrylan geçiriş gutusynyň ýerine indi sekiz basgançakly awtomatiki transmissiýa ulanylýar.

Şol göwrümdäki içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň esasynda döredilen gibrid ulgamynyň umumy kuwwaty hem 10 at güýji artyp, 245 at güýjüne ýetdi. Hyundai kompaniýasynyň aýtmagyna görä, energiýany gaýtadan dikeltmek ulgamynyň we aerodinamikanyň kämilleşdirilmegi netijesinde gibrid Tucson indi ýangyjy has tygşytly sarp edýär.

Täze nesle geçilende krossoweriň dizaýny düýpli özgerdildi, ölçegleri ulaldy, bagaž bölüminde bolsa goşmaça giňişlik döredildi. Gapylaryň açylyş burçunyň ulaldylmagy yzky oturgyçlara geçmegi hem has amatly etdi. Mundan başga-da, ulagyň ses izolýasiýasy gowulandyryldy we kuzowyň berkligi ýokarlandyryldy.

Şeýle hem asma ulgamlarynyň kinematikasy, hereketlendirijileriň we geçiriji ulgamlaryň daýançlarynyň gurluşy täzeden işlenip düzüldi.