Mercedes-Benz bilen Nvidia sürüjisiz limuzinleri döretmegi meýilleşdirýär

Şu gün, 12:501,572

Mercedes-Benz kompaniýasy bilen tehnologiýa ägirdi Nvidia strategik hyzmatdaşlygyny has-da giňeldýär. Taraplar täze nesil sürüjisiz ulag ulgamlaryny we özbaşdak hereket etmegiň dördünji derejesine eýe bolan awtoulaglary döretmegiň üstünde işleýärler. Olaryň arasynda, hatda ýokary derejeli kaşaň limuzinleriň hem bolmagy ähtimal. 

Bu maksat bilen Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň MB.OS operasion ulgamyny NVIDIA Hyperion hasaplaýyş platformasy, emeli aň esasynda işleýän Alpamayo Stack programma üpjünçiligi we NVIDIA Halos howpsuzlyk ulgamy bilen birleşdirer. Bu tehnologiýalaryň bilelikde ulanylmagy awtoulaglara şäher köçelerinde özbaşdak hereket etmäge, duralgada howpsuz ýerleşmäge we programma täzelenmelerini simsiz birikme arkaly yzygiderli almaga mümkinçilik berer.

Özbaşdak hereket etmegiň dördünji derejesi awtoulagyň öňünden kesgitlenen şertlerde adam gatnaşmazdan sürüjilik işleriniň ählisini özi ýerine ýetirip bilýändigini aňladýar.

Hyzmatdaşlar ulaglaryň ygtybarlylygyna aýratyn üns berýärler. Nvidia kompaniýasynyň tehnologiýalary awtoulagyň ähli esasy wezipeleriniň howpsuzlygyny goşmaça gorag bilen üpjün eder.

Mercedes-Benz Group AG kompaniýasynyň tehnologiýalar, işläp taýýarlamalar we satyn alyşlar üçin jogapkär dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Ýorg Burser bu hyzmatdaşlyk barada şeýle diýýär:

«Nvidia awtomatlaşdyrylan sürüjilik tehnologiýalary babatda iň möhüm strategik hyzmatdaşlarymyzyň biridir. Biz onuň bilen bilelikde Günbatar bazary üçin Mercedes-Benz awtoulaglarynda şäher içinde bir nokatdan beýleki nokada çenli özbaşdak hereket etmäge kömek edýän ilkinji ulgamy döretdik».

Mundan başga-da, Nvidia kompaniýasynyň emeli aň we sanly nusgalaşdyrma tehnologiýalary Mercedes-Benz-iň önümçilik zawodlarynda MO360 ulgamynyň çäklerinde ulanylar. Bu bolsa dünýäniň dürli ýurtlaryndaky zawodlarda awtoulag önümçiliginiň çeýeligini, hilini we tizligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.