Tesla kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask uçýan Roadster sportkarynyň özboluşly «aň» bilen üpjün ediljekdigini aýtdy. Şonda ulag tanyşdyrylyş dabarasynda görkezilen dürli tilsimleri awtoulag eýesiniň buýrugy boýunça ýerine ýetirip biler.
Şeýle-de Mask Tesla kompaniýasynyň Tehas ştatyndaky baş edarasynda Roadster-i synagdan geçirmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan ýol guruljakdygyny hem habar berdi. Ol bu ýoluň Hot Wheels attraksionynyň ýollaryndan hem täsin boljakdygyny söz berdi.
Tesla kompaniýasy Roadster-i 15-nji oktýabrda tanyşdyrypdy. Öndürijiniň maglumatlarynda aýdylşyna görä, sportkar sagatda 96,56 kilometre çenli tizlige bir sekuntdan hem az wagtda çykyp bilýär.
Awtoulagda on sany howa pürküji enjam we aşa ýokary basyşly howa balonlary ýerleşdirilen. Görkeziliş wagtynda sürüjisiz awtoulag dik eňňitli rampadan ýokary galdy, howada agdaryldy, soňra bolsa güýçli howa akymlaryny ulanyp, Tesla-nyň beýleki modelleriniň üstünden böküp geçdi.