Tesla 10 ýyl bäri tanyşdyrmak isleýän täze Roadster-iniň ahyrsoňy sähedini belledi

Şu gün, 06:42707
1 / 4

Tesla kompaniýasy täze nesil Roadster sport elektrik awtoulagynyň tanyşdyrylyş dabarasyny 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Weýko şäherinde geçirer. Sport elektrik ulagy ilkinji gezek baryp, 2017-nji ýylda görkezilipdi. Ýöne onuň tanyşdyrylyş senesi birnäçe gezek yza süýşürilipdi.

Motor1 neşiriniň habar bermegine görä, çärä gatnaşmak üçin çakylyklar eýýäm ulag üçin öňünden pul geçiren müşderilere ugradylyp başlandy. Tanyşdyrylyş dabarasyna diňe öňünden sargyt edenler şahsy çakylyklary bilen baryp bilerler,  çakylyklary başga adamlara bermek bolsa gadagandyr.

Wako şäheriniň tötänleýin saýlanmandygy düşnüklidir. Sebäbi bu şäher Tesla kompaniýasynyň Ostindäki baş edarasyna we SpaceX kompaniýasynyň Makgregordaky synag merkezine juda golaý ýerleşýär. Synçylaryň pikiriçe, SpaceX-iň gatnaşmagynda döredilen gaz-dinamiki hereketlendirijili synag nusgasyndaky Roadster-iň hut şol ýerde köpçülige görkezilmegi juda ähtimal.

Aslynda, Tesla bu ulagy müşderilere eýýäm 2020-nji ýylda ugratmaga başlamagy meýilleşdiripdi. Ýöne dürli sebäplere görä yza süýşürilensoň, ony önümçilige 2027–2028-nji ýyllardan bärde goýbermeseler gerek.

Öň mälim edilen tehniki görkezijilere görä, bu superkaryň sagatda 60 mil (96 km/sag) tizlige çykmagy üçin bary-ýogy iki sekuntdan hem az wagt gerek. Onuň iň ýokary tizliginiň bolsa sagatda 400 kilometrdenem geçmegine garaşylýar.