Meksikaly telekeçi üçin gapy ýerine aýna gümmezli, mis kuzowly awtoulag döredildi

Şu gün, 16:25795
1 / 13

Italiýanyň GFG Style dizaýn ussahanasy meksikaly telekeçi we awtoulag kolleksioneri Karlos Peralta üçin ýörite ýekeje nusgada taýýarlanan Peralta D atly kupe awtoulagyny tanyşdyrdy.

Maserati GranTurismo modeliniň esasynda döredilen bu awtoulag elde ýasalan mis kuzow, aýna üçek hem-de adaty bolmadyk girişli salon bilen üpjün edildi.

Kuzowyň daşky panelleri el bilen şekillendirilip, misden taýýarlanyldy. Metaly reňklemän, diňe gowy timarlanmak arkaly ýylmanak görnüşe getirildi. Awtoulagyň dizaýny 1970-nji ýyllaryň superkar modellerini ýatladýar. Adaty gapylaryň ýerine ýokary galdyrylýan aýna gümmezi ulanyldy.

Salonyň kürsüleri 2+2 görnüşde ýerleşdirildi. Içki bezeginde asyl Maserati modeliniň käbir aýratynlyklary saklanan hem bolsa, salon tutuşlygyna täzeden işlenip düzüldi we bezeldi. Kürsüler mis öwüşginli deri bilen örtülip, olar hakyky mis sapak bilen tikildi.

Awtoulagyň enjamlaşdyrylyşynda hem üýtgeşik çözgütler ulanyldy. Öňdäki sag ýolagçynyň garşysynda aýnaly we yşyklandyryjyly kosmetiki gutujyk ýerleşdirildi. Merkezi tunneliň yzky bölegine bolsa bir çüýşe we dört bulgur üçin niýetlenen sowadyjy oturdyldy.

Peralta D modeliniň tehniki aýratynlyklary, şol sanda onuň haýsy görnüşdäki GranTurismo esasynda döredilendigi barada maglumat berilmeýär.

Kupeniň ady sargytçynyň familiýasyna, «D» harpy bolsa onuň gyzlaryna salgylanma hökmünde dakyldy. Mundan ozal awtoulag kolleksioneri ogullaryna bagyşlap, GFG Style ussahanasyna Peralta S atly ýörite awtoulagy hem sargyt edipdi.