Italiýaly ussalar Alfa Romeo Giulia sedanyny üýtgeşik kabriolete öwrerler

Şu gün, 13:201,060
1 / 6

Italiýanyň Castagna Milano kuzow ussahanasy Alfa Romeo Giulia sedanynyň esasynda iki orunlyk üsti açyk awtoulagyň taslamasyny hödürledi. Täze awtoulag müşderileriň aýratyn islegleri boýunça öndüriler. Emma önümçilige haçan başlanjakdygy we onuň bahasy häzirlikçe belli däl.

Awtoulagyň kuzowy doly täzeden işlenip, onuň ölçegleri we görnüşi üýtgediler. Kapoty uzaldylar, öňdäki kürsüleri bolsa 330 mm yza süýşüriler we 40 mm aşak düşüriler.

Kürsüleriň kelle goýulýan böleginiň yzynda iki sany özboluşly çykgyt bolar. Eplenýän mata üçegi bolsa elektrik hereketlendirijiler arkaly açylyp-ýapylar.

Şol bir wagtyň özünde, ussahana awtoulagyň 623 litre barabar bolan bagaž bölümini saklap galar.

Awtoulagyň öň tarapy hem täzeden bezeler: üçburç şekilli howa deşikleri bolan täze bamper we üýtgedilen yşyklandyryş enjamlary oturdylar. Salonyň bezeginde bolsa, müşderiniň islegine görä, deri we agaç peýdalynylar.

Alfa Romeo Giulia sedanynyň asyl nusgasy

Awtoulagyň massasyny azaltmak üçin uglerod süýüminden ýasalan şaýlar ulanylar. Netijede, onuň agramy 1 420 kilograma çenli düşer diýlip çak edilýär. 2,9 litrlik V6 hereketlendirijisiniň öňküligine galdyrylar. Muňa garamazdan, uzak ýolda deňölçegli tizlikde has rahat hereket etmek üçin geçirijiler gutusynyň gatnaşyklary üýtgedilip, awtoulagyň tigirleriniň arasyndaky giňlik artdyrylar.

Castagna Milano kompaniýasy önümçiligiň başlanjak senesi we awtoulagyň gutarnykly tehniki aýratynlyklary barada häzirlikçe goşmaça maglumat bermedi.