Hyundai Elantra N ilkinji gezek monohrom görnüşde çykaryldy

Düýn, 16:512,784
1 / 8

Hyundai kompaniýasy sport sedanynyň täze görnüşini — Elantra N Monochrome modelini tanyşdyrdy. Täze görnüşde öňki açyk öwüşginli bezegleriň ýerine has sada, bir reňkli bezeg usullary ulanyldy.

Täze model dünýä bazary üçin niýetlenendigine garamazdan, ilkinji nobatda, Günorta Koreýanyň, Awstraliýanyň we Kanadanyň bazarlarynda satuwa çykarylar.

Hyundai kompaniýasynyň wise-prezidenti, N bölüminiň ýolbaşçysy Jun Pakyň aýtmagyna görä, bu görnüş Elantra N modeliniň sport häsiýetini halaýan, ýöne onuň aşa açyk bezeglerini halamaýan müşderileriň isleglerini göz öňünde tutup döredildi. Kompaniýanyň wekili Monochrome görnüşiniň awtoulagyň daşky keşbindäki reňk öwüşginlerini üýtgedýändigini, şol bir wagtyň özünde-de, markanyň awtosport däpleri bilen sazlaşygyny saklaýandygyny belledi.

Täze bezeg, aýratyn-da, Black Pearl reňkli awtoulagda aýdyň görünýär. Bu görnüşde daşky bölekleriň köpüsi goýy reňklerde ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bu modeliň Performance Blue reňki hödürlenýär. Şeýle pisint awtoulagyň aerodinamiki daşky bezeginiň käbir bölekleri gara reňkde bolar. Hyundai N ozal öz modelleriniň bezeginde gyzyl reňki giňden ulanýardy.

Elantra N Monochrome zawoddan gara reňkli tigir diskleri bilen çykyp, täzeden işlenen daşky bezegleri bilen tapawutlanýar. Goşmaça enjam hökmünde yzky ganaty we gapdal aýnalaryň uglerod süýüminden ýasalan korpusyny sargyt etmek bolar. Awtoulagyň içki bezeginde hem açyk reňkli zatlar azaldylyp, sport häsiýetini güýçlendirmek üçin alkantara materialy ulanylar.

Bu ýörite görnüş Elantra N modeliniň häzirki nesli bilen hoşlaşmagyň özboluşly usuly bolup biler. Sebäbi Hyundai kompaniýasy sedanyň indiki neslini-de eýýäm tanyşdyrdy. Täze modelde kuzowyň daşky görnüşi özgerdilip, içki bezegi hem has sada görnüşde ýerine ýetirilen. Bu modeliň Günorta Koreýanyň içerki bazaryndaky satuwy ýakyn aýlarda başlanar.