Tesla kompaniýasy awtoulagyň adaty mehaniki süpürgiçleriniň we ýuwujylarynyň ornuny tutup biljek lazerli hem-de kameraly aýna arassalaýyş ulgamyna ABŞ-da patent aldy.
CarBuzz neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýanyň köpçülikleýin öndürilýän awtoulaglarda ulanyljakdygy häzirlikçe näbelli.
Tesla kompaniýasynyň pikirine görä, lazer öňki aýnadaky ýagyş damjalaryndan başlap, ýelmeşen mör-möjeklere çenli dürli hapalary aýryp biler. Patentde ýörite aýna örtügi we ýokary takyklykdaky birnäçe kameradan ybarat bolan sensor ulgamy beýan edilýär. Bu kameralar hapany tanap, lazeri şol ýere gönükdirmek üçin niýetlenendir.

Patent arzasynda aýnany, datçikleri we ýolagçylary mümkin bolan zeperlerden goramak üçin görülmeli çäreler hem sanalyp geçilýär. Olaryň arasynda lazer şöhlesiniň geçiş çuňlugynyň takyk sazlanmagy we aýnanyň goşmaça gorag örtügi bilen üpjün edilmegi ýaly şertler bar.
Öndürijileriň pikirine görä, şeýle ulgamy diňe bir awtoulagyň aýnalarynda däl, eýsem, gün panelleri ýaly beýleki meňzeş üstlerde hem peýdalanmak bolar.
Ýakynda Toyota kompaniýasy hem adaty bolmadyk awtoulag patentini aldy. Konserniň inženerleri bort kameralarynyň kömegi bilen sürüjiniň nazarynyň gönügen zatlaryny surata düşürmäge mümkinçilik berýän ulgamy teklip etdi.