Tesla «uçýan» Roadster-i görkezdi: sportkar howada tersine öwrülip bilýär

Şu gün, 20:251,267
1 / 5

Tesla kompaniýasy Tehas ştatyndaky SpaceX raketa poligonynda täze Roadster sportkaryny görkezdi. Bu awtomobiliň önümçiligi on ýyldan gowrak wagt ozal bes edilipdi, häzir bolsa kompaniýa modeli gaýtadan dikeldip, döwrebaplaşdyryp, hatda uçup biler ýaly hem etdi diýip, Bloomberg ýazýar.

Awtomobil SpaceX-iň inženerleri bilen bilelikde işlenip düzülen howa hereketlendirijileri bilen üpjün edildi. Tanyşdyrylyş çäresinde awtomobiliň prototipi pandusdan ýokary göterilip, dolandyrylýan öwrümi ýerine ýetirdi. Soňra ol Tesla awtoulaglarynyň üstünden «uçup», howada tersine öwrülip görkezdi, şeýle-de beýleki tilsimleri ýerine ýetirdi.

Täze ulagyň tanyşdyryş dabarasynda sahna çykan milliarder Ilon Mask sportkaryň tomaşaçylary haýran galdyrjakdygyny öňünden duýdurdy:

«Bize munuň emeli aň ýa montaž däldigini subut etmek üçin tomaşaçylar gerek. Siz dünýäde iň naýbaşy awtoulag kompaniýasy bilen iň naýbaşy raketa kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň netijesine şaýat bolarsyňyz».

Awtoulag aerokosmiki stilde döredildi. Ol iki orunlyk edilip, Cybertruck dolandyryş ulgamyny aldy. Öndüriji sportkaryň sagatda 0-dan 96 km tizlige 1 sekuntdan hem az wagtda ýetýändigini görkezýän wideony hem hödürledi.

Roadster-iň önümçiligine 2028-nji ýylda başlanmagyna garaşylýar. Ýöne awtomobiliň «uçýan» görnüşi diňe Rocket bukjasynda elýeterlidir. Ol bir orunlyk awtomobil bolup, umumy ýollarda ulanmak üçin niýetlenen däldir.

Tesla kompaniýasy Roadster-iň ilkinji görnüşini 2017-nji ýylda tanyşdyrypdy. Mask köp ýyllaryň dowamynda täze modeli çykaryp bilmän, tanyşdyrylyş çäresini ençeme gezek yza süýşürdi.