Pariž awtosalonynda Hyundai Bayon ykjam krossoweriniň täze nesli tanyşdyryldy.
Ilkinji gezek 2021-nji ýylda bazara çykan bu model Hyundai brendiniň ýewropa bazaryndaky başlangyç derejeli, şäherde sürmek üçin niýetlenen ykjam krossoweri hökmünde tanalýar. Şonuň üçin ony köplenç «Kona modeliniň jigisi» diýip atlandyrýarlar. Indi bolsa täze krossower Ford Puma bilen bäsleşmegi hyýal edinýär.
Modeldäki esasy üýtgeşme — Tucson-yň soňky neslinden tanyş bolan Art of Steel dizaýn stilindäki düýpli täzelenen daşky görnüşinde jemlenen. Awtomobil «hokkeý taýagy» görnüşindäki gündizki yşyklar, relýefli kapot, ganatlaryň üstündäki burçly bezeg örtükleri we yzky gapysynda uly harplar bilen ýazylan model ady bilen tapawutlanýar.

Ilkinji gezek 18 dýuýmlyk tekerleri, aýratyn kuzow bezeglerini, goşa tüsseçykar turbalary we salonda gyzyl tikinleri öz içine alýan sport häsiýetli N Line wersiýasy hem hödürlendi.
Batyrgaý dizaýn täze krossoweri öňki neslinden has gabaraly görkezýär. Onuň teker bazasynyň 20 mm uzaldylyp, 2600 mm-e ýetirilmegi salony has giňeltdi. Goşmaça enjamlar sanawyna hersi 12,3 dýuýmlyk iki ekran, panoramaly üçek, oturgyçlaryň howa bilen sowadylyş ulgamy we töweregi doly görkezýän kameralar girizildi.

Tehnologik täzelikleriň arasynda smartfon arkaly hereketlendirijini işe girizmäge mümkinçilik berýän Hyundai Digital Key 2 açary we Bose ses ulgamy bar.
Merkezi konsolda ulanmak üçin amatly fiziki düwmeler saklanyp galsa-da, howanyň temperaturasyny we klimaty dolandyrmak ulgamy sensor arkaly amala aşyrylýar. Ýöne şunça artykmaçlyklarynyň içinde bu modele täze Hyundai Pleos operasion ulgamy ornaşdyrylmadyga meňzeýär.