Hytaýda doly hromlanan kuzowly krossower işlenip düzülýär

Şu gün, 19:551,882
1 / 4

Hytaýyň SAIC we amerikan General Motors kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasy täzelenen Wuling Starlight L krossoweriniň resmi suratlaryny çap etdi. Täze modeliň esasy aýratynlygy onuň doly hromlanan kuzowydyr. Şol bir wagtyň özünde krossoweriň dizaýnynyň beýleki elementleri we interýeri üýtgewsiz galdy diýip, Autohome belleýär.

Starlight L – bu orta ölçegli maşgala krossoweridir. Onuň uzynlygy tas 5 metr (4980 mm), tigir bazasy 2950 mm.

Modeliň standart enjamlaşdyrylyşyna awtomatik dolandyryş, öwrümlerde goşmaça yşyklandyryş we ulag öçürilenden soň çyralaryň belli bir wagtlap ýanyp durmagy ýaly aýratynlyklary bolan akylly LED faralar girýär. Şeýle-de yzky çyralar bagažlygyň tutuş giňligi boýunça uzalyp gidýän bitewi ýagtylyk zolagy görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Has gymmat enjamlaşdyrylan görnüşlerinde sazlanýan kruiz-gözegçiligi we sürüjä kömek edýän häzirki zaman ulgamlary bar.

Ulag gibrid güýç ulgamy bilen üpjün edilen. Ol 1,5 litrlik benzin hereketlendirijisinden, öňki okda ýerleşdirilen elektrik hereketlendirijiden we basgançaksyz transmissiýadan ybarat. Krossower 100 km/s tizlige 8,2 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 190 km/sag deň.

Ulagyň ýene bir aýratynlygy — bir gezekki zarýad we ýangyç bilen uzak aralygy geçip bilmegidir. Ol diňe elektrik energiýasy bilen 260 kilometre çenli ýol geçip bilýär, umumy hereket ätiýaçlygy bolsa 1 260 kilometre ýetýär. Akkumulýatorynyň zarýady gutaran ýagdaýynda ýangyç sarp edişi — 100 kilometre 4,9 litr.

Hrom görnüşiniň bahasy we satuwa çykaryljak senesi häzirlikçe mälim edilmedi.