Tas 70 ýyllap bir maşgalanyň eýeçiliginde saklanan 1946-njy ýylyň Ford Super Deluxe Station Wagon universal awtoulagy Hagerty Marketplace-de auksiona çykaryldy. Awtoulagda diňe tehniki abatlaýyş işleri geçirilip, asyl gabarasyny we içki bezegi saklanyp galypdyr.
Awtoulag 3,9 litrlik gapdal klapanly V8 hereketlendirijisi we rul sütüninde ýerleşdirilen ryçagly üç tizlikli mehaniki geçiriji bilen enjamlaşdyrylan. Onuň agaçdan gabara panelleri, winil üçegi we yzky gapysynda oturdylan ätiýaçlyk tigri bolup, ulagyň içiniň reňki goňur, gabarasy bolsa goýy gyzyldyr.

Ilkinji eýesi awtoulagy Kornell uniwersitetinde okaýan döwründe sürüpdir we soňra ony Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Wermont hem-de Rod-Aýlend ştatlarynda ulanypdyr. Awtoulag 1990-njy ýyllarda saklamak üçin ýörite ýere ýerleşdirilipdir.
Eýesi ýogalandan soň, mirasdüşerleri ony tehniki taýdan dikeltmäge beripdirler. 2023-2026-njy ýyllar aralygynda hünärmenler onuň elektrik simlerini, tüsse çykaryjy ulgamyny, tigirlerini, akkumulýatoryny, asma ulgamynyň käbir böleklerini, öňdäki amortizatorlaryny we tigir podşipniklerini çalşypdyrlar. Şeýle hem olar sowadyş, otlaýyş we tormoz ulgamlaryny bejeripdirler.
Makala çap edilen wagty auksiondaky iň ýokary teklip 9 150 dollar bolupdyr.