Honda 2028-nji ýylda Mitsubishi L200-iň esasynda çarçuwaly pikapy çykarmagy meýilleşdirýär. Bu model, esasan, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna gönükdirilendir diýip, Ýaponiýanyň Yomiuri Shimbun neşiri habar berýär.
Bar bolan modeli ulanmak Honda öz pikapyny işläp düzmegiň çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer. Awtoulagyň käbir bazarlarda Triton diýlip atlandyrylýan L200-iň, şeýle hem şol bir platformada ýasalan Nissan Navara-nyň çykarylýan ýeri bolan Taýlanddaky Mitsubishi zawodynda öndürilmegine garaşylýar.
Geljekki modeliň tehniki häsiýetnamasy heniz mälim edilmedi. Çykmagyna garaşylýan seneden çen tutsaň, ol L200-iň döwrebaplaşdyrylan görnüşine esaslanyp bilner. Gibrid güýç ulgamynyň peýda bolmagy hem biçeme däl.
Häzirki Mitsubishi L200, wersiýasyna baglylykda, 150-den 204 at güýjüne çenli kuwwaty bolan 2,4 litrlik dizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylýar. Honda diňe yzky tigirleri, şeýle-de doly hereketli awtoulaglary hödürleýär, has gowy enjamlaşdyrylan wersiýalarynda kompaniýanyň öz Super Select 4WD-II transmissiýasy oturdylan.
Honda bu modeli Günorta-Gündogar Aziýa bazarlaryndan başga-da sebitlere eksport etmegi göz öňünde tutýar. Enjamlaşdyrylyş görnüşleri we öndürilip başlanjak senesi barada heniz takyk maglumat ýok.