Täze Audi Q7 Euro NCAP guramasynyň heläkçilik görnüşli synaglarynda bäş ýyldyza mynasyp boldy. Şeýle-de ol «Heläkçilikden soňky howpsuzlyk» ugry boýunça 100 göterim netije gazanan taryhdaky ilkinji tapgyrlaýyn öndürilýän awtoulag boldy.
Bu ugurda ýol-ulag hadysasy barada gaýragoýulmasyz kömek gulluklaryna maglumatlaryň näderejede tiz ýetirilişine we halas edijileriň ulagdaky adamlary zeper ýetirmän daşyna çykaryp bilşine seredilýär.
Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, modeliň iň ýokary netijäni gazanmagyna birnäçe tehnologiýa, şol sanda Audi connect ulgamy ýardam berdi. Güýçli çaknyşyk ýüze çykanda, bu ulgam kömek çagyrmak işini awtomat ýagdaýda başlaýar.

Ulgam ýolagçylar we çaknyşygyň häsiýeti baradaky maglumatlardan başga-da, awtoulagyň öndürijisi, modeli we reňki, şeýle hem hadysanyň bolan ýeriniň takyk koordinatlary barada gaýragoýulmasyz kömek gulluklaryna habar berýär. Degişli razylyk berlen ýagdaýynda, ulag bilen baglanyşdyrylan telefon belgisine gaýtadan jaň etmek we birnäçe dilde habarlaşmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr.
Ýene bir tehnologiýa gaýtadan çaknyşmagyň öňüni almaga kömek edýär. Sensorlaryň kömegi bilen heläkçiligi anyklaýan ulgam awtoulagy awtomat ýagdaýda saklap, duralga tormozyny işe girizip, duýduryş çyralaryny ýakýar. Zerur bolan ýagdaýynda sürüji awtomat tormoz bermäni ýatyryp hem bilýär.
Halas ediş gulluklary üçin bu modeliň aýratynlyklaryna laýyklykda taýýarlanan heläkçilik kartalary we gollanmalar hem bar. Olar hünärmenlere ýagdaýy tiz kesgitlemäge hem-de adamlary awtoulagdan çykarmagyň iň amatly usulyny saýlamaga ýardam berýär.