Toyota ulaglary sürüjiniň ünsüni çeken zatlary surata düşürip biler

Şu gün, 17:341,458
1 / 3

Toyota sürüjiniň ünsüni ýoldan sowmazdan, ony gyzyklandyrýan obýektleri surata düşürmäge mümkinçilik berýän ulgamy patentleşdirdi.

Sürüjiniň ünsüni yzarlaýan awtomobil kameralary onuň kellesiniň duruş ýagdaýyny we seredýän ugruny kesgitleýär. Soňra ulgam alnan wektory daşky kameranyň ugry bilen deňeşdirýär hem-de ýoldaky ýa-da ýol gyrasyndaky haýsy obýektiň sürüjiniň ünsüni özüne çekendigini kesgitleýär.

Surata düşürmek sesli buýruk ýa-da düwmäni basmak arkaly amala aşyrylýar. Şondan soň fotosurat birikdirilen el telefona, meselem, smartfona iberilýär.

Awtomatik hereketler hem göz öňünde tutuldy. Sürüji «nusgawy awtomobilleri awtomatik usulda surata düşürmek» ýaly düzgüni girizip biler, şondan soň ulgam görüş meýdanynda peýda bolan degişli obýektleri özbaşdak surata alýar.

Patentde, şeýle hem sürüjiniň öňki düşüren fotosuratlary we häzirki ýol ýagdaýy esasynda onuň gyzyklanmalaryny kesgitlemek mümkinçiligi beýan edilýär.

Toyota bu tehnologiýany sürüş wagtynda ünsüň sowulmagyny azaltmagyň hem-de hereket wagtynda aýratyn enjamlary ulanmak zerurlygyndan ýüz öwürmegiň çäresi hökmünde hödürleýär.

Şol bir wagtyň özünde, suratlary awtomobiliň ýadynda däl-de, daşky el telefonda saklamak göz öňünde tutulýar.