BMW sürüjiniň el hereketleri arkaly dolandyryp biljek golografik enjamlar panelini — HoloActive Touch konseptini hödürledi. Bu barada Autoblog habar berýär.
Kompaniýanyň pikiriçe, bu tehnologiýa sürüjiniň möhüm maglumatlary hemişe göz astynda saklamagyna we ulag sürýän wagty ünsüni ýoldan sowmazlygyna mümkinçilik berer.
Howa şertleri çylşyrymly bolanda ýa-da ulaglaryň hereketi ýygjamlanda sürüji enjamlar panelindäki maglumatlara seretmek üçin nazaryny ýoldan sowmaly bolýar. Kähalat şeýle az wagtlyk ünsüň sowulmagy hem uly howpa sebäp bolup biler. Käbir awtoulaglarda bu mesele eýýäm öňki aýnadaky proýeksion displeýleriň kömegi bilen çözülýär.
BMW bolsa HoloActive Touch bilen bu tehnologiýany has-da kämilleşdirmegi teklip edýär. Aýnalardan ybarat ýörite ulgam sürüjiniň öňünde enjamlar paneliniň golografik şekilini döreder, kameralar bolsa onuň el hereketlerini tanar. Sürüji ekranda görkezilýän maglumatlary saýlap hem-de interfeýsiň daşky görnüşini üýtgedip biler. Wirtual düwmelere basmak sesli duýduryş bilen utgaşar.
Kompaniýa bu konsepti geljekde ulanylmagy mümkin bolan awtoulag interfeýsleriniň görnüşleriniň biri hökmünde hödürledi. Ondan öň fransuz Valeo kompaniýasy hem şuňa meňzeş tehnologiýany görkezipdi. Onuň ulgamy smartfondaky maglumatlary awtoulagyň enjamlar panelinde görkezmäge, şol bir wagtyň özünde tizligi we öňde boljak öwrümleri hem görmäge mümkinçilik berýärdi.