Hytaýda gapdallygyna hereket edip, duran ýerinde öwrülip bilýän krossower görkezildi

Şu gün, 12:50599
1 / 2

Hytaýyň Chery kompaniýasy Exeed Sterra ET krossoweriniň adaty bolmadyk mümkinçiliklerini görkezdi. Daşary ýurt bazarlarynda Exlantix ET ady bilen tanalýan bu awtoulag keseligine hereket edip, tas duran ýerinde 180 gradus öwrülip bilýär.

Ulagyň görkezilişi Hytaýyň Uhu şäherinde geçirildi diýip, Beijing Business Today neşiri habar berýär.

Krossowere şol görkezilen hereketlerini ýerine ýetirmäge elektromehaniki tormozlary, tigirleriň merkezine oturdylan elektrik hereketlendirijilerini, her tigri aýratyn dolandyrýan rul ulgamyny we işjeň asma ulgamy özünde birleşdirýän Feiyu akylly şassisi mümkinçilik berýär.

Maşynyň tigirleri 90 gradusa çenli öwrülip bilýär. Awtoulag duran ýerinde öwrülende onuň ýerinden gozganmasy 10 santimetrden geçmeýär.

Ulgam awtoulagyň parallel duralga niýetlenen ýere ýüzugra girmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, işläp düzüjiler tigirleriň biri ýol bilen galtaşygyny ýitiren ýagdaýynda elektron ulgamyň hereketlendiriji güýji beýleki tigirlere deň derejede paýlaýşyny görkezdiler.

Häzirlikçe Feiyu ulgamy diňe görkeziliş nusgasynda hödürlendi. Chery bu tehnologiýanyň haçan köpçülikleýin öndürilýän awtoulaglarda peýda boljakdygyny we ony ilkinji bolup haýsy modelleriň aljakdygyny mälim etmedi.