Hytaýyň Changan konsernine degişli Deepal awtobrendi ulagyň içine oturdylýan aýak wannasyny işläp taýýarlamak boýunça patent arzasy bilen ýüz tutdy.
Patentde beýan edilişine görä, enjamy öňdäki ýolagçy kürsüsiniň aşagyndaky boş ýere ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Zerur bolan ýagdaýynda ony şol ýerden çekip çykaryp bolýar. Gurluş wannadan we ýörite süýşüriji mehanizmden ybarat bolup, onuň içinde suwuň çaýkanyp, daşyna dökülmeginiň öňüni alýan ýörite bölekler hem bar.
Mundan başga-da, enjam suwy guýmak we boşatmak ulgamy bilen üpjün ediler.
Wannanyň saklanýan bölümine dezinfeksiýa enjamyny hem ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda gürrüň diňe patent derejesindäki taslama barada barýar. Deepal kompaniýasy aýak wannasyny geljekde köpçülikleýin öndürilýän awtoulaglarda ulanmak barada heniz anyk maglumat bermedi.