BMW 7 Series maşgalasyna V8-li wersiýa goşuldy: ol 100 km/s tizlige 3,5 sekuntda ýetýär

Şu gün, 09:291,292
1 / 11

BMW kompaniýasy täzelenen 7 Series flagman sedanynyň hataryna benzin bilen işleýän V8 hereketlendirijili M760 xDrive görnüşini goşdy. Täze model bu maşgaladaky M Performance tapgyryna degişli üçünji awtoulag boldy.

Häzirlikçe ol diňe ABŞ-nyň bazarynda hödürlenýär, emma wagtyň geçmegi bilen beýleki ýurtlarda hem satuwa çykarylar.

Sedan 570 at güýjüne deň bolan, goşa turbinaly 4,4 litrlik V8 hereketlendirijisi we doly ýöredijili ulgam bilen üpjün edildi. Awtoulagyň duran ýerinden 96 km/s tizlige ýetmegi üçin 3,5 sekunt ýeterlik.

M760 xDrive görnüşiniň tapawutly aýratynlyklarynyň arasynda has sport görnüşli aerodinamiki kuzow toplumy, 22 dýuýmlyk tigirler, göze ilýän gaz çykaryş ulgamynyň turbalary, sport ruly we multimediýa ulgamynyň aýratyn grafiki bezegi bar.

Şeýle-de bolsa, M760 xDrive kuwwaty boýunça bu modeliň beýleki sport görnüşlerinden yza galýar. Zarýad berilýän gibrid M760e wersiýasy 612 at güýjüni, doly elektrikli i7 M70 bolsa 680 at güýjüni öndürýär. Şeýlelikde, V8 hereketlendirijisiniň hatara gaýtadan goşulmagy iň ýokary kuwwata däl-de, esasan, benzin hereketlendirijisiniň häsiýetine we sesine ähmiýet berýän müşderilere niýetlenendigini görkezýär.