Alfa Romeo kompaniýasynyň Bottegafuoriserie bölümi ady agzalmaýan kolleksiýaçynyň sargydy boýunça 33 Stradale superkarynyň ýörite görnüşini taýýarlady. Awtoulag dolulygyna şar gara reňkde bolup, italýan dilinden terjime edilende «gara merjen» diýmegi aňladýan Perla Nera adyna eýe boldy.
Bottegafuoriserie bölüminiň ýolbaşçysy Kriştianu Fiorio awtoulagyň tas ähli bölekleriniň eýesi bilen bilelikde işlenip düzülendigini aýtdy. Onuň sargydy boýunça sport kürsüleriniň görnüşi hem üýtgedildi. Şeýle hem awtoulagyň ýany bilen şol bir äheňde taýýarlanan alkantaradan tikilen goş torbalarynyň toplumy berilýär.

Awtoulagyň gabara panelleri öçügsi gara örtükli açyk karbon süýüminden ýasaldy. Karbon süýümleriniň şekiliniň gabaranyň çyzyklary bilen sazlaşmagy üçin ol ýörite galyplara elde ýerleşdirildi. Şeýle-de ulagyň üç okly tigir diskleri we tormoz supportlary hem gara reňke boýaldy.
Awtoulagyň içki bezeginde açyk karbon we alkantara ulanyldy. Ýörite taýýarlanan elementleriň arasynda gapy panellerindäki we bosagalaryndaky «kannelloni» nagşy, Quadrifoglio we Autodelta nyşanlary, şeýle hem transmissiýanyň aýlawly saýlaýjysynda awtomobiliň eýesiniň adynyň baş harplary bar. Perla Nera nyşany salonyň birnäçe ýerine ýerleşdirildi.

Bu awtoulag 33 sany 33 Stradale-den ybarat tapgyryň üçünji nusgasydyr. Modeliň ähli nusgalary üç ýyldan gowrak wagt öň, resmi tanyşdyrylyşdan hem ozal satylyp gutaryldy. Her awtoulagyň bahasy, takmynan, 2 million ýewro bolupdy.
Superkar 3,0 litrlik, kuwwaty 630 at güýjünden ýokary bolan V6 hereketlendirijisi we sekiz basgançakly robotlaşdyrylan transmissiýa bilen üpjün edildi. Ol 0-dan 100 km/sag tizlige 3 sekuntdan hem az wagtda çykyp bilýär.