Hyundai Tucson indi adaty krossower däl: onuň ýörite ýolsuzlyk wersiýasyna garaşylýar

Şu gün, 10:411,108
1 / 9

Hyundai kompaniýasy eksport bazarlary üçin niýetlenen Tucson krossoweriniň täze neslini görkezdi.Täzelenen model tygşytly gibrid hereketlendirijiler, şeýle hem çylşyrymly ýolsuzlyk şertleri üçin ýörite wersiýa bilen üpjün edildi.

Täze modeliň esasy aýratynlyklarynyň biri zarýad berilýän gibrid Tucson PHEV modifikasiýasydyr. Onuň kuwwaty 292 at güýjüne deň bolup, awtoulag sagatda 100 kilometre 7,9 sekuntda ýetýär. Batareýasynyň kömegi bilen krossower diňe elektrik energiýasynyň hasabyna 81 kilometre çenli ýol geçip bilýär.

Awtoulagyny elektrik çeşmesinden zarýadlamak islemeýän sürüjiler üçin bolsa kuwwaty 245 at güýjüne ýetýän adaty gibrid görnüşi hödürlenýär. Onuň ýangyç sarp edişi her 100 kilometre bary-ýogy 5,6 litrdir. Şeýle-de modeliň hatarynda kuwwaty 150–193 at güýjüne deň bolan 1,6 we 2,0 litrlik benzin hereketlendirijileri hem saklanyp galar.

Krossower ilkinji gezek ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen XRT Pro görnüşinde hem öndüriler. Bu diňe bir daşky bezeg bilen çäklenmeýär. Awtoulagyň ýerden beýikligi 180-den 210 millimetre çenli ýokarlandyryldy. Şeýle hem onuň öňki we yzky bamperleri, ýolsuz ýerlerde sürmäge amatly bolar ýaly, ýapgyt görnüşde işlenip, çekiji halkalar we palçykly ýollar üçin niýetlenen tigirler oturdyldy.

XRT Pro görnüşi üçin ýörite elektron kömekçi ulgamlar hem taýýarlanyldy. Smart Terrain Assist ulgamy ýoluň çylşyrymlylyk derejesini hakyky wagtda seljerýär we awtoulagyň batyp galmak howpy ýüze çykanda sürüjä reňkli duýduryş berýär. Duýduryş ýaşyl reňkden gyzyl reňke çenli üýtgeýär.

Target Speed Control ulgamy bolsa ýolsuz ýerlerde hereket etmek üçin niýetlenen kruiz-kontrol wezipesini ýerine ýetirýär. Ol sagatda 2 kilometrden 25 kilometre çenli aralykda öňünden bellenen tizligi awtomatik ýagdaýda saklaýar. Bu bolsa sürüjä ünsüni dolandyryşa jemlemäge mümkinçilik berýär.

Awtoulagyň içki böleginde dynç almak üçin amatly ýagdaýa getirilip bilinýän kürsüler, ölçegi 17 dýuýma çenli bolan ekran we emeli aň tehnologiýasy bilen üpjün edilen multimedia ulgamy, şeýle hem elektrik bilen gyzdyrylýan alynky aýna göz öňünde tutuldy.

Krossoweriň uzynlygy 4,7 metre deň. Günorta Koreýada täze modeliň satuwy şu ýylyň ahyryna, beýleki ýurtlaryň bazarlaryna bolsa 2027-nji ýylyň başlaryna çykarylar. Mundan başga-da, kompaniýa modeliň sport wersiýasyny hem tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Onuň tanyşdyrylyş dabarasy 12-nji oktýabrda Pariždäki awtoulag sergisinde geçiriler.