SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask OpenAI-yň ýolbaşçylaryny aktiwleri ogurlamakda aýyplady.
Maskyň OpenAI-yň Cursor kod redaktoryny işläp düzüji kompaniýa bilen hyzmatdaşlygyny bes etmek kararyna geleninden soň şeýle aýyplama bilen çykyş etdi. Munuň öňüsyrasynda onuň SpaceX kompaniýasy Cursor-y satyn alypdy.
Mask X sahypasynda:
«Kezzaplar Altman we Stokman täjirçilige niýetlenmedik açyk başlangyç kodly taslamany ogurlan messepsiz deýýus» diýip ýazdy.
Mask öz ýazgylarynda OpenAI-yň ýolbaşçylary Sem Altman bilen Greg Brokmanyň atlaryny bilgeşleýin ýoýup, Scam Altman (Kezzap Altman) we Greg Stockman («Greg paýdar/çopan») diýip atlandyrýar.
Hyzmatdaşlyk bes edilenden soň, Cursor kod redaktoryna eýelik edýän Anysphere kompaniýasy OpenAI-yň modellerinden diňe 12-nji noýabra çenli peýdalanyp biler. Mask muňa-da aýratyn seslenip, bu ýagdaýyň özi üçin «asla bildirmeýändigini» belledi.