OpenAI kompaniýasy, howpsuzlyk meselesi çözülýänçä, has kuwwatly modellerini taýýarlamak işini togtatdy diýip, kompaniýanyň wekiline salgylanýan Axios habar berýär.
Neşiriň berýän maglumatyna görä, OpenAI diňe goşmaça gorag çäreleriniň barlygyna göz ýetireninden soň, bu işini täzeden ýola goýar. Kompaniýanyň we Anthropic-iň hünärmenleri howpsuzlyk boýunça bilermenler bilen bilelikde EA agentleriniň özüni alyp barşy bilen baglanyşykly on müňlerçe wakany öwrenýär.
Şu güne çenli gorag mehanizmlerini aldap geçmek, ulgamlaryň çäkli synag gurşawlaryndan ("aýmançadan") daşyna çykmagy, web sahypalara hüjüm etmek we moderatorlary aldamaga synanyşyklar ýaly birnäçe meseläniň bardygy ýüze çykaryldy. Şular ýaly ýagdaýlar içerki synaglar wagtynda hem, hakyky şertlerde ulanylýan wagtynda hem hasaba alyndy.
Mundan öň Anthropic kompaniýasynyň baş direktory Dario Amodei howpsuzlyk meselelerine salgylanmak bilen, has güýçli EA ulgamlarynyň ösüşini haýallatmaga çagyrypdy.
Şeýle netijä SpaceX we xAI kompaniýalarynyň eýesi bolan amerikan milliarderi Ilon Mask bilen OpenAI kompaniýasynyň baş direktory Sem Altman hem geldi. Bill Geýts EA-dan hyýanatçylykly peýdalanmagyň netijesiniň milliardlarça adam üçin betbagtçylykly bolup biljekdigini owalbaşdanam duýduryp gelýär.
Şu hepde Politico žurnalynyň geçiren pikirsoraşmasyna görä, ABŞ-nyň, Kanadanyň we birnäçe Ýewropa ýurtlarynyň ilatynyň ýarysy diýen ýaly emeli aňyň ösüşini haýallatmak pikirini goldaýar.