ChatGPT-niň ýetginjeklere niýetlenen wersiýasy işe girizildi

Şu gün, 10:06909

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň 13-17 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin ýörite wersiýasyny hödürledi. 

Täze hyzmat ýaşlara «bilim almaga, tankydy pikirlenmäge, düşünjelerini çuňlaşdyrmaga hem-de EA-dan ynamly peýdalanmaga» ýardam etmeli.

Ulgam ulanyjynyň heniz kämillik ýaşyna ýetmändigini özbaşdak kesgitlemäge ukyply. Ol ulanyjyny awtomatiki ýagdaýda ýetginjekler wersiýasyna geçirer.

Hyzmat goşmaça gorag çärelerini hem-de ene-ata gözegçiligini öz içine alýar.

«Biz dört ýörelgeden ugur aldyk: ýetginjekleriň howpsuzlygyny birinji orunda goýduk, hakyky goldawy höweslendirmäge, ýetginjeklere ýetginjek hökmünde garamaga hem-de ulgamlarymyzyň nädip işlemelidigi barada açyk bolmaga çalyşdyk» diýip OpenAI-da bellediler.

Bilim bermek režiminde ChatGPT nätanyş düşünjeleri düşündirip biler, meseleleri çözmäge we maglumatlara düşünenligini barlamaga kömek eder. Şeýle hem hyzmat okuwçylara öý işlerini etmegi ýatladyp durar, her dürli wizualizasiýalary we testleri hödürlär.

Taýýar çözgütlere derek ýetginjekler üçin ugrukdyryjy soraglar, maslahatlar we bilim barlaglary elýeterli bolar.

«"Okuw sagatlary" atly täze funksiýasy arkaly ýetginjekler ýa-da ene-atalar okuw režiminiň awtomatik ýagdaýda işleýän wagtyny saýlap bilerler, bu bolsa peýdaly okuw endiklerini adaty endige öwürmegi ýeňilleşdirer» diýip işläp düzüjiler bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.