Dünýäniň 25 sany öňdebaryjy matematigi açyk hat bilen çykyş edip, kompaniýalaryň emeli aňy ösdürmek babatdaky alyp barýan ýaryşlarynyň ylym üçin dürli kynçylyklary döredip, alymlaryň öz işlerine-de howp salyp biljekdigini duýdurdy.
Hatyň ilkinji awtorlarynyň ählisi matematika pudagynda iň abraýly baýraklaryň biri bolan Filds medaly bilen sylaglanan alymlardyr.
Täze jedelleriň döremegine Nýu-Ýork uniwersitetiniň professory Tristan Bakmasteriň aýdanlary sebäp boldy. Ol geçen hepde OpenAI kompaniýasyny özüne basyş etmekde aýyplady. Alymyň aýtmagyna görä, kompaniýa möhüm matematiki meseläniň çözgüdiniň üstünde bile işlän Anthropic kompaniýasyndaky kärdeşini makalalaryň biriniň awtordaşlygyndan aýyrmagy talap edipdir.
Şonuň ýaly-da alym gözlegçileriň Codex ulgamyna ýüklän maglumatlarynyň OpenAI tarapyndan ulanylyp, soňra onuň subutnamasyny özbaşdak dowamly hasaplamalaryň kömegi bilen tapyp bilmeginiň mümkindigini ýa-da däldigini sorady.
Şol bir wagtda matematikler emeli aňyň peýdasyny-da inkär etmeýär. Emeli aňyň öň çözgüdi tapylmadyk çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply bolmagy ylym üçin örän bähbitli bolup biler. Emma olaryň pikiriçe, alymlaryň emeli aňyň tapýan çözgütlerine düşünip, olary barlap hem-de beýleki adamlara düşündirip bilmegi möhümdir.
«Adatça, beýle çözgütler howlukmaç ýagdaýda köpçülige mälim edilýär. Işiň netijesini talabalaýyk beýan etmäge, esasy usullary we pikirleri aýratyn görkezmäge, şeýle-de beýleki alymlaryň degişli işlerine salgylanmaga wagt galmaýar. Islendik döredijilik işi ýaly, bu ýagdaý hem awtorlyk hukugy we göçürme baradaky möhüm soraglary ýüze çykarýar. Mundan başga-da, täze pikirleri ösdürip, olaryň matematika ylmynyň umumy bilim ulgamyna goşulmagyny üpjün edýän matematikleriň gatnaşygy bolmasa, emeli aňyň kömegi bilen ýüze çykan pikirler doly derejede ösüp bilmez. Şeýle hem matematikleriň arasynda bilimleriň nesilden-nesle geçirilmegini üpjün edýän möhüm baglanyşyk ýitip biler» diýlip, hatda aýdylýar.
TechCrunch neşiriniň awtorlarynyň belleýşi ýaly, OpenAI tarapyndan hödürlenen subutnama häzirlikçe garaşsyz hünärmenler tarapyndan barlanylmady.
Bu ýagdaý matematikleriň has seresaply hereket etmegine getirýär. Olar uly emeli aň kompaniýasynyň alymlaryň işinden geljegi bar bolan pikiri tapyp, örän köp serişde sarp etmek bilen taýýarlan subutnamalaryny ilkinji bolup köpçülige hödürlemeginden ätiýaç edýär. Şeýle ýagdaý gözlegçileriň öz pikirlerini öňküsi ýaly paýlaşmakdan çekinmegi we açyk ylmy hyzmatdaşlygyň has ýapyk häsiýete geçmegine getirip biler.
Hat iýun aýynda alymlar topary tarapyndan çap edilen Leýden beýannamasyndan soň peýda boldy. Bu hatda hem emeli aňyň matematikleriň işine nähili täsir edip biljekdigi ara alnyp maslahatlaşyldy we alymlar, ylmy guramalar, şeýle-de döwlet edaralary üçin birnäçe maslahatlar hödürlendi.
Hatyň awtorlarynyň nygtaýşy ýaly, matematika diňe taýýar subutnamalardan ybarat däl. Bu ýerde işiň gidişi hem örän uly ähmiýete eýedir. Onuň dowamynda talyplar öwrenýär, alymlar pikir alyşýar, täze soraglar ýüze çykýar we alnan netijeler kem-kemden umumy ylmy bilimiň bir bölegine öwrülýär.
«Häzirki wagtda matematika jemgyýetiniň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri beýleki ylmy we döredijilik ugurlaryndaky meseleler bilen meňzeşdir. Bu ýagdaý tutuş adamzadyň öňünde durup biljek "Emeli aň işleriň ýerine ýetiriliş usullaryny üýtgedip barýarka, şol işleriň asyl maksadyny ýitirmezligimizi nädip üpjün edip bileris?" diýen möhüm bir soragy orta atýar» diýlip, matematikleriň hatynda aýdylýar.