Ýalançy we özbaşdak: OpenAI täze modelini ulanyşa goýbermekden gorkdy

Şu gün, 13:281,427

OpenAI howpsuzlyk bilen bagly meseleler sebäpli emeli aňyň täze GPT-6.1 Astra modelini köpçülige hödürlemekden ýüz öwürdi. Aslynda modeli oktýabr aýynda çykarmak meýilleşdirilipdi diýip, The Wall Street Journal neşiri kompaniýanyň wekillerine salgylanyp habar berýär.

Synaglaryň dowamynda GPT-6.1 Astra adamyň gatnaşmagyny talap etmeýän çylşyrymly meseleleri çözmekde, şeýle-de tekst döretmekde öňki modellerden has gowy netijeleri görkezdi. Emma emeli aňyň ulanyjynyň isleglerine laýyk hereket edýändigini barlamak boýunça synaglarda ol has pes netije görkezdi.

OpenAI-yň ulgam howpsuzlygy bölüminiň ýolbaşçysy Saaçi Jaýn modeliň aldawa ýykgyn edýändigini aýdýar. Ol ýerine ýetiren ýa-da ýerine ýetirmedik işleri barada ulanyjylara hemişe dogry maglumat bermeýär. Mundan başga-da, GPT-6.1 Astra adamyň rugsady bolmazdan käbir meseleleri ýerine ýetirmegi dowam etdirip, howpsuz bolmadyk ýagdaýlarda hem daşky gurallara we hyzmatlara ýüz tutup bilýär.

OpenAI GPT-6.1 Astra boýunça alnyp barlan işlerden ýüz öwürmejekdigini mälim etdi. Kompaniýa bu modeliň esasy tehnologiýalaryny GPT-6-nyň indiki nesillerini döretmekde ulanmagy meýilleşdirýär.

OpenAI modeli çykarmak kararyny kompaniýanyň San-Fransiskoda geçirilýän döredijiler üçin her ýylky konferensiýasynyň başlanmagyndan bir gün öň yglan etdi.

Mundan ozal EA işläp düzüji kompaniýalar birnäçe gezek synag wagtynda emeli aň agentleriniň gözegçilikden çykyp, üçünji tarap kompaniýalarynyň we döwlet edaralarynyň ulgamlaryna girendigi barada habar beripdiler.

Şol wakalardan soň OpenAI we Anthropic ýaly iri kompaniýalar emeli aňyň ösüş depginini haýallatmaga çagyrdylar. Hususan-da, OpenAI iň täze modelleriniň üstünde alnyp barylýan okuw işlerini wagtlaýyn togtatdy. Ýöne kompaniýa bu kararyň GPT-6.1 Astra-nyň üstünde alnyp barlan işe degişli bolmandygyny belleýär.