Tom Aspinall gözündäki şikes sebäpli UFC-niň çempionlyk guşagyndan ýüz öwürdi

Şu gün, 14:542,187
1 / 2

Britaniýaly 33 ýaşly söweşiji Tom Aspinall gözündäki şikes sebäpli UFC-niň agyr agram (120 kg-a çenli) derejesindäki çempionlyk guşagyndan ýüz öwürdi. Sag gözüniň ýagdaýy sebäpli ol häzirlikçe söweşlere gatnaşmak üçin lukmançylyk rugsadyny alyp bilmeýär.

Aspinall bu barada sosial ulgamlarda çap eden beýanatynda yglan etdi:

«Dymyp ýörmegim sebäpli soraglaryň ýüze çykandygyny bilýän. Men hemişe UFC-niň maslahatlaryna eýerdim we oktagona dolanmak üçin elimden gelenini edip, bejergä üns berdim. Emma indi agyr agramdaky çempionlyk guşagyndan ýüz öwürmek kararyna geldim.

Men UFC-den bu beýannamany bermäge rugsat bermegini haýyş etdim, sebäbi öz diwizionymyň ösüşine bökdençlik döredesim gelenok. Karýeranyň togtadylmagynyň neneňsi zatdygyny bilýän. Şonuň üçin beýleki söweşijileriň hem çempionlyk guşagy ugrunda göreşmäge mümkinçiligi bolmagyny isleýän.

UFC-niň ýolbaşçylary eden ähli tagallalarymdan habarlydy. Olar gözüm bilen bagly barlaglaryň, bejergileriň we lukmançylyk netijeleriniň hemmesini gördüler. Biz meniň oktagona dolanmagym üçin dürli lukmanlar we hünärmenler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etdik. Gynansak-da, häzirki wagtda meniň dolanmagym mümkin zat däl».

Aspinall 2025-nji ýylyň oktýabrynda UFC 321 ýaryşynda Siril Gan bilen geçiren soňky söweşinde şikes alypdy. Garşydaşy tötänden onuň gözüne barmaklaryny dürtüpdi. Şondan soň söweş saklanyldy we geçirilmedik diýlip yglan edildi.

Türgene şondan soň seýrek duş gelýän Braun sindromy diýen diagnoz goýuldy. Ol kesel bilen baglylykda uzak wagtlap gözüne zatlaryň goşalanyp görünmeginden ejir çekendigini gürrüň berdi. Aspinall birnäçe gezek operasiýa geçirip, şikeslerden we ýokanç kesellerden bejergi aldy. Ol hatda oktagona dolanmaga taýýarlyk görüp, sparring türgenleşiklerine-de girişdi we eýýäm indiki söweşiniň senesini hem ylalaşypdy. Emma türgenleşikleriň birinde bolan ýene bir tötänlikden soň onuň sag gözüne gaýtadan şikes ýetipdir.

«Bu meniň sportdan has uzak wagtlap daşda galmaly boljakdygymy aňladýar. Häzir oktagona haçan dolanyp biljekdigim belli däl» diýip, Aspinall hatynda ýazýar.

Şeýle-de bolsa, britaniýaly söweşiji karýerasyny tamamlamak niýetiniň ýokdugyny belledi. Ol saglygy dikelen badyna söweşlere gaýdyp gelmegi maksat edinýär.

Indi uly ähtimallyk bilen UFC-niň wagtlaýyn çempiony Siril Ganyň agyr agramdaky diwizionyň doly hukukly çempiony diýlip yglan edilmegine garaşylýar.