3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Toyo Engineering Corporation kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory we wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Ýaponiýada uly ähmiýet berilýändigini hem-de bu ýurtda iş alyp barmagyň kompaniýa üçin uly hormatdygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, onuň saparynyň çäginde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) atly halkara sergisine hem-de maslahatyna gatnaşjakdygyny aýtdy we hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigi nygtaldy. Döwlet Baştutany ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda we himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirendiklerini, hususan-da, Toyo Engineering Corporation kompaniýasynyň gatnaşmagynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berlendigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti taslamalar amala aşyrylanda öňdebaryjy tejribäniň, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, hil ölçegleriniň hem-de ekologik talaplaryň üpjün edilmeginiň möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Eiji Hosoi türkmen bazarynda işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, kompaniýanyň şertnamalaýyn borçnamalaryna jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.