Etýen Berhtold Awstriýanyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde işe başlady

Şu gün, 11:55186
1 / 2

2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Etýen Berhtolddan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlady hem-de ikitaraplaýyn dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Belleniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Bitaraplyk syýasatyna berk eýerýän iki ýurduň BMG-niň çäginde häzirki döwrüň möhüm ählumumy meseleleriniň çözülmegi ugrunda başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýändigi we birek-biregi ýakyndan goldaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprel aýynda Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäginde Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmagynyň hem-de Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlarynyň uly ähmiýeti nygtaldy.

Diplomata Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, iri halkara taslamalar, şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we kanunçykaryjylyk işi barada giňişleýin maglumat berildi. Taraplar deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Etýen Berhtold parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen tanalýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ösdürilmegi babatda degişli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.