Serdar Berdimuhamedow Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün, 21:311,281
2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Duşuşygyň başynda Eýranyň DIM-iniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we Tähranyň Aşgabat bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şeýle hem ol Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Serdar Berdimuhamedow, öz gezeginde, Eýranyň Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Abbas Arakçiniň şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Eýranyň özara gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäginde hem özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda ösýändigi bellenildi. Türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklary asyrlara uzaýan taryhy we medeni köklerden gözbaş alýar.
Türkmenistanyň Prezidenti oktýabr aýynda Awazada geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine Masud Pezeşkianyň gatnaşandygyny ýatlap geçdi. Ol bu çäreleriň çäginde eýranly kärdeşi bilen geçirilen duşuşygyň netijelerine ýokary baha berdi.
Abbas Arakçi, öz gezeginde, Awazada geçirilen çäreleriň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine we türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýan medeni-ynsanperwer ulgamyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.