2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Welaýatlaryň ýolbaşçylary oba hojalyk işleriniň gidişi we ekinlere ideg edilişi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak işleri dowam etdirilýär.
Birnäçe welaýatda bugdaý ekişi jemleýji tapgyrda barýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.
Şeýle hem Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylynyň ýygymy alnyp barylýar, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga taýýarlyk görülýär. Beýleki welaýatlarda ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnamak hem-de ilata ýetirmek işleri dowam etdirilýär.
Iş maslahatynda gyş möwsümine taýýarlyk görmek meselesine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Prezidenti mekdeplerde, çagalar baglarynda, medeniýet edaralarynda we dolandyryş binalarynda, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow galan möwsümleýin işleri guramaçylykly we ýokary hilli geçirmegiň, pagta ýygymynyň depginini artdyrmagyň hem-de bugdaý ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň zerurdygyny nygtady. Wise-premýere we welaýatlaryň ýolbaşçylaryna 7-nji noýabrda geçiriljek Ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlygy gözegçilikde saklamak hem tabşyryldy.
Iş maslahatynyň dowamynda häkimler Hasyl toýuny bellemäge görülýän taýýarlyk, şeýle hem şu ýylda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň gidişi barada hasabat berdi.
Prezident gurluşyk işleriniň ýokary hilini we öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.