Aşgabatda täze lukmançylyk binalary ulanmaga berildi

10.10.2026, 17:128,187
1 / 5

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Täze döwrebap lukmançylyk binalarynyň ulanmaga berilmegi ýurtda her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabat getirildi.

Ýurtda ilatyň saglygyny goramak, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda innowasion çemeleşmeler hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylyp, döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar we şypahanalar gurulýar.

Ýatlap geçsek, düýn Ahal welaýatynda hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyşy boldy.